Fujitsu dünýäde iň ýeňil noutbugy hödürledi
21.10.2025 | 18:00 |Fujitsu bazardaky iň ýeňil noutbuk bolan FMV UX-K3 modelini hödürledi — onuň agramy bary-ýogy 600 gram.
Esasy aýratynlyklar:
• Agramy we materiallary: Noutbugyň ýeňil bolmagy, onuň magniý-litiýum garyndysyndan we karbon materialyndan ýasalan korpusy bilen bagly.
• Ekrany we galyňlygy: 14 dýuým ölçegdäki ekran, korpusyň galyňlygy bolsa bary-ýogy 1,2 sm.
• Tehniki häsiýetleri: Intel Core Ultra 7 255U prosessor, 16 GB RAM we 512 GB SSD bilen enjamlaşdyrylan.
• Kompromis: Ýeňil agram kiçi batareýanyň hasabyna gazanyldy, bu batareýa wideony 7 sagada çenli işletmäge mümkinçilik berýär.
• Bahasy: Bahasy 280 müň ýen (takmynan 151 müň rubl).
Goşmaça maglumat:
• FMV UX-K3 öňki Fujitsu modeliniň (FMV Zero WU5/J3, 634 gram) rekordyny täzeledi.
• 1080p webkamera, USB-C, USB-A, HDMI, Ethernet, Wi-Fi 7, Bluetooth 5.4 portlary we microSD kart okyjysy bilen enjamlaşdyrylandyr.
ORIENT