EA jogapkärçiligi aradan aýyrman žurnalistikany üýtgedýär - Aşgabatda geçirilýän okuwlaryň temasy
23.10.2025 | 07:00 |Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen ýaş media hünärmenleri üçin üç günlük workşop geçirilýär. Çäräniň esasy maksady – media sowatlylygy ýokarlandyrmakdan, tankydy pikirlenmäni ösdürmekden we redaksiýa işinde emeli aň (EA) gurallaryny öwrenmekden ybaratdyr.
Gatnaşýanlaryň arasynda ýaş žurnalistler we talyplar bolup, olar mobil žurnalistikanyň esaslaryny, şol sanda surata we wideo düşürmek hem-de montaž etmek tejribelerini jikme-jik öwrenýärler. Wagtyň uly bölegi tankydy pikirlenmä, storytelling usullaryna we maglumatlaryň barlagy (fact-checking) endiklerine bagyşlanyp, bu hem wakalary obýektiw we ýokary hilli beýan etmegiň esasy hasaplanýar.
Gazagystanly media-ekspert Marat Sadykow häzirki döwrüň hünärmenine degişli üç esasy endigi belläp geçdi: obýektiwlik – alynýan islendik maglumata bitarap we adalatly çemeleşmek, onuň dogrulygyny barlamak ukyby; materialy gurluşlandyrmak – iş prosesini logiki esasda guramak, interwýuny öňünden meýilleşdirmek we materialy žanr talaplaryna hem-de diňleýji isleglerine laýyklykda düzmek; tehnologik taýýarlyk – häzirki zaman gurallaryny, şol sanda emeli aňy oňat derejede ulanmagy başarmak.
Jenap Sadykowyň belleýşi ýaly, emeli aňyň žurnalistiň işine integrasiýasy zerurdyr, emma bu prosese kämil we jogapkärçilikli çemeleşmek talap edilýär.
«EA – žurnalistiň ýerini tutýan däl-de, kömekçi guraly bolmalydyr. Onuň wezipesi – işi ýeňilleşdirmek: interwýulary awtomatiki transkribe etmek, uly maglumat toplumlaryny seljermek ýa-da materialyň garalama görnüşini teklip etmek. Emma EA hiç haçan žurnalistiň ýerine karar kabul etmeli däl – aýratyn-da, tankydy baha bermekde ýa-da etiki meselelerde», – diýip, ekspert belledi.
Diýmek, tehnologik taýýarlyk – emeli aňy gözýetimsyz ulanmak däl-de, ony işiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ornaşdyryp, žurnalist etikasyny we jogapkärçiligini saklamakdyr.
Marat Sadykow Ýewropa Bileleşigine şeýle başlangyçlary goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Onuň pikiriçe, şeýle okuwlar sebitdäki hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrýar we media sowatlylyk standartlarynyň utgaşmagyna ýardam berýär.
Ekspert Aşgabadyň özboluşly hünär taýdan we dostlukly gurşawyny, täsirli binagärligini we myhmansöýer ilatyny aýratyn belledi. Munuň ýaly şertler halkara bilim maksatnamalaryny geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär. Geçirilen okuwlar diňe bir amaly gurallary hödürlemän, eýsem, hünäriň strategik ugurlaryny hem görkezdi. Esasy netije şundan ybarat: sanly eýýamda häzirki zaman žurnalisti emeli aňy ýer tutýan däl-de, öndürijiligi ýokarlandyrýan güýçli gural hökmünde görmeli. Tehnologik ösüş bolsa, hünäriň esasy ýörelgeleri – obýektiwlik we maglumat barlagy bilen gözegçilikde saklanmalydyr.
Şunuň ýaly başlangyçlar sanly eýýamyň çylşyrymly şertlerinde iş alyp barmaga taýýar täze nesil media hünärmenlerini kemala getirmekde örän möhüm ähmiýete eýedir.
Enejan KEPBANOWA