Iň täze habarlar

«Dragon Oil» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Said Al Taýýer Türkmenistana geldi

21.10.2025 | 10:30 |
 «Dragon Oil» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Said Al Taýýer Türkmenistana geldi

«Dragon Oil» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Said Al Taýýer iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Onuň bu sapary kompaniýanyň «Türkmennebit» döwlet konserni bilen hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllygyna gabat geldi.

Said Al Taýýer ýurdumyzyň energetika pudagynyň möhüm çäreleriniň biri bolan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly 30-njy Halkara maslahata we sergisine gatnaşar.

Maslahatyň maksatnamasy energetika ulgamynda sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, dünýäniň nebitgaz senagatyndaky häzirki zaman ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem daşary ýurt maýa goýumlaryny Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna çekmäge gönükdirilendir.

Ştab-kwartirasy Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikleri) ýerleşýän «Dragon Oil» kompaniýasy sebitde öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň biridir we «Emirates National Oil Company» (ENOC) atly holdingiň düzümine girýär. Kompaniýanyň esasy iş ugurlary uglewodorod serişdelerini gözlemek, gazyp almak we eksport etmekdir. «Dragon Oil» kompaniýasy 1990-njy ýyllaryň ahyryndan bäri Türkmenistanda üstünlikli iş alyp baryp, Hazar deňzinde iri taslamalary amala aşyrýar.

ORIENT

Foto: oilgas.gov.tm

Şeýle hem okaň: