Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Abdul Gani Baradar Hyratda strategiki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar

20.10.2025 | 23:30 |
 Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Abdul Gani Baradar Hyratda strategiki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar

20-nji noýabrda, Owganystanyň Hyrat welaýatynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy.

Abdul Gani Baradar oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara Owganystanda ýokary baha berilýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri öz gezeginde türkmen we owgan halklaryny gadymdan gelýän doganlyk hem-de özara hormat goýmak däpleriniň, umumy ruhy we taryhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk däpleriniň esasynda yzygiderli ösdürilýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan we Owganystan söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini tassykladylar. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi sebitde üstaşyr ulag geçelgelerini döretmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Esasy sebit taslamalarynyň bilelikde durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi, şolaryň hatarynda: Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisi.

Şu gün ýokarda agzalan taslamalaryň çäklerinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işleri bilen bagly dabaraly çäreler geçirildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle giň gerimli taslamalar ýurtlary birleşdirip, halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüsi bolup hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdi. Şeýle hem bu taslamalaryň iki ýurduň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge giň şert döretjekdigine, doganlyk owgan halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga we täze iş ýerleri bilen üpjün etmäge ýardam etjekdigini nygtady.

Abdul Gani Baradar parahatçylygy söýüjilikli goňşusynyň strategiki ähmiýetini beläp, hemişe berýän goldawy we yzygiderli ynsanperwerlik kömegi üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikdäki işleriň dowam etjekdigini tassykladylar.

ORIENT

Foto: Watan Habarlary

Şeýle hem okaň: