Moskwa | Türkmenistan bilen Russiýanyň Parlamentleri hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekdi
22.10.2025 | 19:25 |Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 20-22-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynda resmi saparda boldy. Saparyň esasy wakasy, parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrýan möhüm resminama gol çekmegi boldy.
21-nji oktýabrda Moskwada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Strategiki hyzmatdaşlyga täze itergi
Gepleşikleriň dowamynda parlamentleriň ýolbaşçylary iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen işjeň ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň strategiki we dostlukly häsiýetini tassykladylar. Şunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda Moskwa amala aşyran saparynyň kanun çykaryjy edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyna güýçli itergi berendigi bellenildi.
Taraplar dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak üçin täsirli meýdança bolup hyzmat edýän ikitaraplaýyn esasda döredilen parlament dostluk toparlarynyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Parlamentariler şeýle hem ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak we täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Esasy resminama gol çekilmegi
Gepleşikler Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi bilen tamamlandy. Taraplaryň özara pikirine görä bu resminama goşmaça mümkinçilikleri açar hem-de parlamentara gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek üçin täze şertleri döreder.
Döwlet Dumasynda duşuşyk
Şeýle hem saparyň çäginde, 22-nji oktýabrda Dünýägözel Gulmanowa Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen duşuşyk geçirdi.
Pikir alyşmalaryň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygyna halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm guraly hökmünde garalýandygy nygtaldy. Şunda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen çözgütleriň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi üçin bu ugry ösdürmegiň zerurdygy bellenildi.
Ugurdaş komitetleriň, ýaş parlamentarileriň we zenan-parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, bilelikdäki maslahatlary geçirmegiň we milli gymmatlyklary goramak, zenanlar, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek ýaly meseleler boýunça tejribe alyşmagyň ähmiýeti bellendi.
ORIENT