Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Hytaýyň Täze ýyly
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Awaza syýasy Jarnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy hökmünde kabul edildi

17.10.2025|23:35|
1075
awaza-syyasy-jarnamasy-bmg-nin-bas-assambleyasynyn-kararnamasy-hokmunde-kabul-edildi
Surat çeşmesi: iStock

Oktýabryň 17-si, anna güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasyndaky türkmen diplomatiýasynyň uly üstünligi barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň (LLDC3) netijeleri boýunça kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy halkara derejesinde iň ýokary derejeli ykrar edilmegine eýe boldy.

2025-nji ýylyň 14-nji oktýabarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Bu ädim şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen LLDC3 Forumynyň ägirt uly syýasy ähmiýetini tassyklaýar. Awazadaky foruma 104 döwletiň we 46 halkara guramanyň wekiliýetleri gatnaşdy.

Häzirki wagtda BMG-niň Kararnamasy derejesine eýe bolan Jarnamada ylmyň, bilimiň we innowasiýalaryň ösdürilmegi, durnukly infrastruktura we halkara söwda ulgamynyň döredilmegi, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi ýaly ejiz ýurtlaryň ösüşi bilen bagly giň ugurlary öz içine alýan çözgütler berkidildi.

Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge we dünýä jemgyýetçiliginde durnukly ösüş gün tertibini öňe sürmäge goşan möhüm goşandy boldy.

ORIENT