Iň täze habarlar

Türkmenistan Lissabon konwensiýasynyň komitetiniň 10-njy sessiýasyna gatnaşdy

22.10.2025 | 16:55 |
 Türkmenistan Lissabon konwensiýasynyň komitetiniň 10-njy sessiýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň wekili Ýokary bilim hünärlerini ykrar etmek boýunça Lissabon konwensiýasynyň komitetiniň 10-njy sessiýasyna gatnaşdy. Çäre 2025-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Pariždäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda ÝUNESKO-nyň we Ýewropa Geňeşiniň howandarlygynda geçirildi. Bu barada TBM-niň Milli maglumat merkezi habar berýär.

Lissabon konwensiýasynyň komiteti gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda diplomlaryň, ylmy derejeleriň we okuw döwürleriniň adalatly hem-de aýdyň ykrar edilmegini üpjün edýän esasy edara bolup durýar. 1997-nji ýylda kabul edilen Konwensiýa talyplaryň we uçurymlaryň akademiki hem-de zähmet mobilligini ýeňilleşdirmek üçin Ýewropa sebitinde esasy hukuk guraly bolup hyzmat edýär.

Häzirki sessiýanyň gün tertibinde birnäçe möhüm mesele durýar. Wekiller transmilli bilimi bermekde tejribäniň gaýtadan seredilen Kodeksiniň kabul edilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Hünärleri ykrar etmek prosesini awtomatlaşdyrmak we resminamalaryň hakykydygyny barlamak üçin emeli aňy ulanmagyň mümkinçiliklerine hem-de töwekgelçiliklerine aýratyn üns berildi.

Komitet şeýle hem 2025-2028-nji ýyllar üçin täze iş meýilnamasyny tassyklaýar, Bosgunlar üçin hünärleriň Ýewropa pasportynyň ulanylyşy baradaky hasabata seredýär we Komitetiň ýolbaşçy edarasy bolan Býuronyň täze agzalarynyň saýlawlaryny geçirildi.

ORIENT

Foto: nic.bilim.tm

Şeýle hem okaň: