Iň täze habarlar

Fergana Parahatçylyk forumy: Ykdysady hyzmatdaşlykdan Merkezi Aziýada ruhy jebislige çenli

16.10.2025 | 14:25 |
 Fergana Parahatçylyk forumy: Ykdysady hyzmatdaşlykdan Merkezi Aziýada ruhy jebislige çenli

Fergana, Özbegistan, 16-njy oktýabr | ORIENT. Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar institutyny (SSBI) tarapyndan guralan Birinji Fergana Parahatçylyk forumy, pragmatiki ykdysady hyzmatdaşlykdan Merkezi Aziýanyň meňzeşligini we jebisligini tassyklamaga geçişini görkezýän esasy tapgyra girdi.

Fergana jülgesiniň döwletleri yzygiderli geçiriljek bu forum diňe bir serişdeleri we maýa goýumlaryny özleşdirmek bilen çäklenmän, beýleki sebitler üçin “nusga” hökmünde üstünlikli integrasiýa tejribelerini hem ösdürmegi maksat edinýär.

fergana-forum-yentymak (11).jpg

Birinji gün: Pragmatizmiň we umumy strategiýanyň binýady

15-nji oktýabrda açylyş dabarasyna Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň sebitleýin administrasiýalarynyň ýolbaşçylary, Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçylygy, şeýle hem BMG-niň, GDA-nyň, ŞHG-niň, ÝB-niň we ÝHHG-nyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdy. Çykyş edenler sebitiň açykdygyny nygtadylar.

Birinji gün uzak möhletli durnuklylygy saklamak üçin hyzmatdaşlygyň anyk mehanizmlerini tapmaga bagyşlandy. Sessiýanyň çäklerinde gatnaşyjylar şulary ara alyp maslahatlaşdylar:

Mümkinçiligi bahalandyrmaga we sebitara hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki ösüş üçin umumy strategiýa garaýyş.

fergana-forum-yentymak (2).jpg

“Fergana jülgesi – täze ykdysady mümkinçilikleriň giňişligi” atly temasy, bu ýerde täze ösüş nokatlary, senagat hyzmatdaşlygy, importyň ornuny tutmak we bitewi Fergana ykdysady giňişligini döretmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelik bilen, birinji gün söwda, infrastruktura we ykdysady ýakynlaşma ünsi jemläp, pragmatiki äheňi döretdi.

fergana-forum-yentymak.jpg

Ikinji gün: “Yntymak” – jebislik we raýat başlangyçlaryň barlaghanasy

Forumyň ikinji güni, 16-njy oktýabr, jülgäniň halklarynyň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi alamatlandyrýan “Yntymak” gününe (“Jebislik güni”) gabat geldi. Gyrgyzystanda dörän bu pikir goldawa eýe boldy we gerimini halkara derejesine çenli çykdy.

“Yntymak” gününi açyp, SSBI-iň direktorynyň birinji orunbasary Akramjon Nematow, agzybirlik düşünjesiniň “raýat jemgyýetiniň içinde ýüze çykandygyny we Gyrgyzystanda Hökümet tarapyndan goldaw tapandygyny” belledi. Prezident Sadyr Žaparowyň “Yntymak” hakda ýygy-ýygydan belleýändigini, bu “kesişýän ideýanyň” diňe Gyrgyzystanda däl, eýsem beýleki ýurtlarda-da uly goldaw tapýandygyny nygtady.

fergana-forum-yentymak (9).jpg

“Bu gün bu mümkinçiligiň iş ýüzünde nähili amala aşyrylandygyny göreris. Bu gün amaly çäreler üçin barlaghana öwrüler diýip umyt edýärin” – diýip, Nematow mälim etdi.

Baýramçylyga we forumyň çekişmelerine diňe bir Fergana jülgesiniň üç döwleti däl, eýsem goňşy Merkezi Aziýa ýurtlary – Gazagystan we Türkmenistan hem çagyrylýar. Munuň özi bolsa Merkezi Aziýanyň jebisligi we meňzeşligi nukdaýnazaryndan “Yntymak” pikrini hasda ösdürýär.

Inklýuziwlik we raýat jemgyýeti

Ikinji günde inklýuziwlik we raýat jemgyýetiniň gatnaşmagyna aýratyn üns berildi: “Özbegistanda geçiriljek bu “Yntymak” gününe köp işjeňleri çagyrdyk ...bu Gyrgyzystandan ýüzden gowrak adam, şeýle hem bu Täjigistandan raýat jemgyýetiniň wekilleri” – diýip, Nematow aýtdy.

Zenanlaryň ýokary işjeňligi bellendi: “Ýygnananlaryň 80% -i, bu biziň, aýdaly, has güýçli ýarysy ... olar has işjeň”.

fergana-forum-yentymak (4).jpg

Günüň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň hatarynda, raýat jemgyýetiniň we halkara gaznalaryň wekilleri şol sanda “PeaceNexus” gaznasynyň (Şweýsariýa) direktorynyň orunbasary bar. Bu bolsa sebitiň açyklyk pikirini we daşarky hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

fergana-forum-yentymak (10).jpg

Sessiýa temalary: suwdan zenanlaryň ýolbaşçylygyna çenli

“Yntymak” gününiň maksatnamasy has derwaýys we raýat temalaryny öz içine aldy:

“Ýaşlar subýekt hökmünde” atly sessiýasynda ýerli jemgyýetleri ösdürmekde we konstruktiw dialogy kemala getirmekde ösüp gelýän ýaş nesliň (Fergana jülgesiniň ilatynyň 60% -den gowragy ýaşlar, her ýylda 400,000 köpelýär) mümkinçiliklerini açmak meselesine üns berildi we ara alnyp maslahatlaşyldy.

1760604412957.jpg

“Fergana jülgesiniň suw saklaýjylary” atly sessiýasynda suw-howa şertleri we onuň jemgyýetara gatnaşyklara täsiri ara alnyp maslahatlaşyldy. Zenanlaryň we we ýaşlaryň suw serişdelerini dolandyrmaga gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berildi.

“Fergana jülgesiniň jemgyýetleriniň sesleri”– bu sessiýada serhetüsti başlangyçlar we raýat jemgyýeti guramalarynyň hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekdäki orny, şeýle hem gazanylan netijeleri goldamak üçin zerur çeşmeleriniň seljerilişine bagyşlandy.

fergana-forum-yentymak (3).jpg

“Merkezi Aziýada hususy pudagyň goşandy” atly sessiýasy, parahatçylygy gurmagyň we gowşak toparlar üçin iş orunlaryny döretmäge gönükdirilen inklýuziw işewürlik nugalaryna goldaw hökmünde işewürligiň ornuna seretýär.

1760604813365.jpg

Netijede, “Durnukly hyzmatdaşlygy gurmak: zenanlaryň ýolbaşçylygy” atly sessiýasy howanyň durnukly tehnologiýalaryny ösdürmekde serhetüsti hyzmatdaşlygyň netijelerini we serhetýaka jemgyýetlerinde ynamy döretmekde zenan ýolbaşçylarynyň orny seljeriler.

fergana-forum-yentymak (7).jpg

Fergana Parahatçylyk forumy, “konseptual çemeleşmeler” ara alyp maslahatlaşmakdan ekologiýa, ýaşlar we raýat gatnaşygy babatynda “amaly hereketlere” üstünlikli geçdi, “Yntymaky” Merkezi Aziýada parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň binýady hökmünde berkitdi.

fergana-forum-yentymak (1).jpg

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: