Iň täze habarlar

Türkmenistan - Ýaponiýa: Talyp alyş-çalyş maksatnamasy üstünlikli dowam edýär

07.10.2025 | 19:05 |
 Türkmenistan - Ýaponiýa: Talyp alyş-çalyş maksatnamasy üstünlikli dowam edýär

Tokio Daşary ýurt dilleri uniwersiteti bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYÖU) arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde HYYÖU -nyň iki talyby — Nowruz Allanazarow we Aýbölek Ataýewa — bir ýyllyk talyp alyş-çalyş maksatnamasynyň çäginde okuwlaryny dowam etdirmek üçin Ýaponiýa iberildi.

Bu maksatnama HYYÖU-da halkara hyzmatdaşlyk ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň netijesi bolup, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň halklarynyň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi hem-de medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär. Ol talyplara halkara tejribe toplamak, bilim derejelerini artdyrmak hem-de ýurdumyzy dünýä derejesinde mynasyp derejede tanatmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Talyp alyşygynyň ýola goýulanyndan bäri jemi 11 sany HYYÖU-nyň talyplary Tokio Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde bilim aldy, şeýle hem Ýaponiýadan bir talyp HYYÖU-da okuw maksatnamasyna gatnaşdy. Bu alyş-çalyş maksatnamasy iki uniwersitetleriň arasyndaky bilim gatnaşyklarynyň giňeldilmegine we medeni gatnaşyklaryň pugtalanmagyna hyzmat edýär.

2016-njy ýylda HYYÖU-da döredilen Ýapon bilim we medeniýet merkezi (Global Japan Office) hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýär. Ol uniwersitetde ýapon diliniň okadylyşyny goldamak bilen bir hatarda, dostlukly ýurtlaryň bilim ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem uly goşant goşýar.

Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: