Iň täze habarlar

Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putini gutlady

07.10.2025 | 00:15 |
 Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti gutlagynda Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha berdi. Döwlet Baştutany iki ýurduň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmäge rus Lideriniň hut özüniň berýän ünsüni we uly goşandyny aýratyn belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň özara hormat goýmak we bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn dialogy ösdürmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtady: “Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky wagtyň synagyndan geçen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris”.

Türkmenistanyň Prezidenti, Wladimir Putine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işinde üstünlikleri, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: