Gurbanguly Berdimuhamedow Fizulide metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
07.10.2025 | 17:50 |7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fizuli şäherinde metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Report habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, dabara Türki döwletleriň guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 12-nji sammitiniň çäklerinde onlaýn görnüşde geçirildi.
Çäräniň dowamynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew metjit gurluşygy baradaky başlangyjyň Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigini belläp geçdi. Milli Liderimiz bu taslamany şu ýylyň iýul aýynda Garabaga eden sapary wagtynda teklip edipdi.
«Eziz doganym, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň iýul aýynda Garabaga eden saparynyň dowamynda Fizuli şäherinde Türkmenistan tarapyndan metjit gurmak teklibini berdi. Biz bu sowgady üçin doganlyk Türkmenistan döwletine minnetdarlyk bildirýäris» - diýip, Aliýew aýtdy.
Metjit toplumynyň meýdany bir gektardan gowrak bolar. Taslama boýunça beýikligi 40 metr bolan iki sany minaranyň we beýikligi 30 metr bolan esasy gümmeziniň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Metjitde bir wagtda 500 adama çenli namaz okamak mümkinçiligi dörediler.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň dabara gatnaşmagy Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň, özara hormatyň hem-de hyzmatdaşlygyň ösýändigini alamatlandyrýan möhüm waka boldy.