Oktýabr aýynda Aý Ýere iň ýakyn aralyga golaýlaşar
07.10.2025 | 09:05 |Oktýabr aýynda Aý Ýere iň ýakyn aralyga — 360 müň kilometrden hem az aralyga çenli golaýlaşar.
Ural federal uniwersitetiniň okuw astronomik obserwatoriýasynyň inženeri Wladilen Sanakoýewiň sözlerine görä, bu ýagdaý 7-nji oktýabrda, ýagny superaý döwründe ýüze çykar. Şol gün Aý adaty “mini-aý” döwründäkiden takmynan 30% ýagty, 14% has uly görnüşde görünjekdir.
8-nji oktýabrdan başlap Aý Ýerden uzaklaşyp başlar, 23-nji oktýabra çenli bolsa olaryň arasyndaky aralyk 406 müň kilometre çenli uzalar.
Mundan başga-da, aýyň ortalarynda käbir seýrek astronomik wakalary synlamaga mümkinçilik bolar: 13-nji oktýabrda Aý Ýupiteriň, 19-njy oktýabrda bolsa ir bilen Weneranyň ýanyndan geçer. Şonuň netijesinde Ural sebitiniň ýaşaýjylary aýratyn ýagty we täsin daň säherini görüp bilerler.
Mundan ozal alym, Günüň işjeňliginiň täze iň ýokary derejesine ýetip biljekdigini duýdurypdy.