Iň täze habarlar

Türkmenistanyň makroykdysadyýeti: Söwda we maýa goýumlarynyň ýokarlanmagy netijesinde JIÖ 6,3 % artdy

03.10.2025 | 23:05 |
 Türkmenistanyň makroykdysadyýeti: Söwda we maýa goýumlarynyň ýokarlanmagy netijesinde JIÖ 6,3 % artdy

Aşgabat, 3-nji oktýabr | ORIENT. Şu ýylyň dokuz aýynyň netijeleri boýunça beýän edilen Türkmenistanyň esasy makroykdysady görkezijileri, durnukly ösüşiň ýokary depginini görkezýär. 3-nji oktýabr, anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Prezident Serdar Berdimuhamedowa ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurduň sebitleriniň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň netijeliligini tassyklaýan netijeler barada hasabat berdi.

Ýanwar-sentýabr aýlarynyň jemi boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3%-e deň boldy. Bu ösüşiň esasy görkezijileri:

— Ulag-aragatnaşyk pudagy 10,8%-e deň bolan ýokary ösüşi görkezdi. Bu bolsa ýurduň üstaşyr we logistika mümkinçililerini ösdürmäge gönükdirilen strategiki ugruny tassyklaýar.

— Söwdada + 9,6%.

— Hyzmatlar ulgamynda + 8,4%.

— Gurluşykda + 7%.

Öndürilen önümleriň umumy mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende üç çärýekde 10% artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.

Hasabat döwründe ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 11,8% ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda wemaliýeleşdirildi.

Söwdanyň işjeň görkezijiler hem oňyn depgini tassyklaýar. Bölek satuw haryt dolanyşygy 13,2%, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8,5 % ýokarlandy.

Mundan başga-da maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 8,7% artdy. Bu bolsa ýurduň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşi üçin berk binýady döretýär.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: