Iň täze habarlar

Brýusselde Global Gateway Forum 2025 geçiriler

02.10.2025 | 16:40 |
 Brýusselde Global Gateway Forum 2025 geçiriler

2025-nji ýylyň 9–10-njy oktýabrynda Brýusselde Global Gateway Forum 2025 geçiriler. Bu forum Ýewropa Bileleşiginiň durnukly maýa goýumlaryna, energetika, ulag pudagyna, sanly transformasiýa we global baglanyşyga bagyşlanan möhüm çäresidir.

Foruma hökümetleriň ýokary derejeli wekilleri, maliýe institutlarynyň, hususy pudagyň we raýat jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşarlar. Gatnaşyjylar hyzmatdaş ýurtlarda Global Gateway başlangyjynyň çäklerinde maýa goýumlaryny giňeltmek boýunça innowasion strategiýalary ara alyp maslahatlaşarlar.

1

Guramaçylara görä, forum «akylly» tehnologiýalar, arassa energetika, ulag, sanlylaşdyrma, şeýle hem saglygy goraýyş, bilim we ylmy-barlag ulgamlaryny berkitmek ýaly ugurlarda çuňňur dialog hem-de bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin meýdança öwrüler.

Global Gateway başlangyjy — Ýewropa Bileleşiginiň dünýä derejesinde sanly, energetika we ulag pudaklarynda «akylly, arassa we howpsuz» baglanyşyk döretmäge gönükdirilen strategiýasydyr. Mundan başga-da, bu başlangyç dünýäde saglygy goraýşyň, bilimiň we ylmyň ösdürilmegine ýardam edýär.

Global Gateway başlangyjy BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly Ösüş Gün Tertibi (Agenda 2030) hem-de howa baradaky Pariž ylalaşygy bilen doly utgaşýar. Maksat — ýakyn ýyllarda 300 milliard ýewro möçberinde maýa goýumlary işjeňleşdirmekdir.

ORIENT

Foto: global-gateway-forum.ec.europa.eu

Şeýle hem okaň: