Türkmenistan we ÝUNISEF täze bäş ýyllyk maksatnamany işe girizýär
01.10.2025 | 21:30 |1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministliginde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Esasy maksady – ÝUNISEF-iň 2026-2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin Ýurt maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boldy.
Türkmenistan hökümeti bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategiýasyny kesgitleýän bu bäş ýyllyk maksatnama şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşi tarapyndan tassyklanyldy.
Taraplar häzirki zaman ählumumy we milli ileri tutulýan ugurlary görkezýän täze strategiýanyň esasy ugurlaryna ünsi çekip, hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar:
Çagalaryň irki ösüşi. Ähli çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegine we abadançylygyna goldaw bermek;
Inklýuziwlik. Çagalaryň jemgyýete goşulmagyny we mümkinçilikleriniň deňligini üpjün etmek;
Howanyň üýtgemegi bilen bagly gün tertibi. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we durnukly gurşaw meselelerini çagalara gönükdirilen maksatnamalara goşmak.
Ýaşlaryň goşulyşmagy. Ýaşlaryň ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin mümkinçilikleri giňeltmek.
Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna ÝUNISEF-iň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. ÝUNISEF-iň bu çärä gatnaşmagy, ynsanperwer diplomatiýanyň hem-de dünýädäki parahatçylyk we durnuklylyk şertlerinde çagalaryň hukuklarynyň goralmagynyň möhümdigini görkezer.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň kanuny esaslaryny has-da berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we 2026-2030-njy ýyllara niýetlenen Ýurt maksatnamasynyň çäginde görkezilen ähli maksatlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
ORIENT
Tema boýunça
Ene-atalary çaganyň ösüşinde esasy kömekçä nädip öwürmeli – Aşgabatdaky okuw maslahaty
Türkmenistanyň howa gün tertibiniň merkezinde çagalar we ýaşlar