Antalýa 2026-njy ýylda Halkara astronawtika kongresini kabul eder
01.10.2025 | 17:30 |Halkara astronawtika kongresi (IAC) kosmos ulgamyndaky dünýäniň öňdebaryjy forumlarynyň biri bolup, 2026-njy ýylyň 5–9-njy oktýabry aralygynda Türkiýede geçiriler. Çäräniň geçiriljek ýeri Antalýa şäheri bolar.
Kongresi Halkara astronawtika federasiýasy (IAF) Bütindünýä Astronawtlar birleşigi (UAA) we BMG-niň Kosmos meseleleri boýunça müdirligi (UNOOSA) bilen bilelikde gurar. Gatnaşyjylaryň arasynda NASA, Ýewropa kosmos agentligi (ESA), Ýaponiýanyň aerokosmos barlaglar agentligi (JAXA), Roskosmos hem-de Türkiýäniň kosmos agentligi bar.
2025-nji ýylda Awstraliýada geçiriljek IAC çäresinde Türkiýäniň milli pawilýony görkeziler. Onda Türkiýäniň kosmos agentligi, SAHA İstanbul, Aselsan, Ctech, DeltaV, Poloptech, Roketsan, Technocar, TUSAŞ, TÜBİTAK Uzay, Türksat, şeýle hem ITÜ we ODTÜ uniwersitetleri çykyş eder. Pawilýonda ýurduň ylym we tehnologiýa ulgamyndaky ösüşleri görkeziler.
Antalýadaky kongresi guramakda ýolbaşçylygy Türkiýäniň Senagat we tehnologiyalar ministrligi öz üstüne alar. Türkiýäniň kosmos agentligi we SAHA İstanbul bolsa hyzmatdaş guramaçylar hökmünde çykyş ederler.
IAC her ýyl halkara ylalaşyklaryň baglaşylýan we täze başlangyçlaryň yglan edilýän meýdançasyna öwrülýär. Mysal üçin, 2016-njy ýylda SpaceX-iň ýolbaşçysy Ilon Mask Marsy özleşdirmek boýunça meýilnamalaryny hödürläpdi, 2019-njy ýylda NASA Artemis maksatnamasyny yglan edipdi, 2022-nji ýylda bolsa Türkiýe 2028-nji ýylda Aýa ýumşak gonuşy amala aşyrmak boýunça missiýasyny mälim edipdi.
Guramaçylar 2026-njy ýylda Antalýada dünýäniň kosmos senagatynyň öňdebaryjy ýolbaşçylarynyň täze beýanatlary bilen çykyş etjekdiklerine garaşýarlar.