Google 10 ýylyň dowamynda ilkinji gezek logotipini täzeleýär
30.09.2025 | 13:50 |Google kompaniýasy öz logotipiniň täze görnüşini girizip başlandygyny mälim etdi. Bu üýtgeşiklik kompaniýanyň ähli hyzmatlarynda we goşundylarynda ulanylýan kompaniýanyň özboluşly stiliniň bir bölegi bolar. Bu soňky 10 ýylda ilkinji uly dizaýn üýtgemesidir.
Esasy täzelik — «G» harpyndaky gradiýent görnüş, oňa gyzyl, sary, ýaşyl we gök reňkleriň ýalpyldawuk äheňleriniň akymly geçişi mahsus boldy. 2015-nji ýyldaky logotipde bolşy ýaly reňkler indi aýratyn bölünmeýär. Täze dizaýn eýýäm Google Help goldaw sahypasynda fawikon hökmünde ulanylýar.
«G»-den başga-da, kompaniýa beýleki marka elementlerini hem täzeden işläp taýýarlady, şol sanda Google Home logotipini, olar hem emeli aň (EA) döwründe brendiň häzirki ösüşini beýan edýär. Täze dizaýnyň ähli hyzmatlarda, şol sanda Android we iOS üçin Google-yň mobil goşundysynda peýda bolmagyna garaşylýar, ähli üýtgeşmeler bolsa 2026-njy ýylyň maýyna çenli doly tamamlanar.
Mundan ozal Google kompaniýasynyň Android operasion ulgamy bilen işleýän şahsy kompýuteriň çykarylyp bilinjekdigi barada habar berlipdi, bu hem kompaniýanyň enjamlar ekoulgamyny giňelder.