Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ösüşiniň jemini jemledi we geljek üçin maksatnamalary kesgitledi

20.09.2025 | 14:00 |
 Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ösüşiniň jemini jemledi we geljek üçin maksatnamalary kesgitledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, ýurduň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünliklerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ähli ugurlar boýunça düýpli özgertmeler amala aşyryldy, parahatçylygyň we dostlugyň ýurdy, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýy barha pugtalanýar.

Döwlet Baştutany şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanylýandygyny, bu bolsa alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär diýip, belledi. Ykdysady syýasatyň esasy maksady – ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda uly göwrümli maýa goýum syýasaty durmuşa geçirilýär, ýagny şu ýylyň ahyryna çenli 40 milliard manatdan gowrak möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler.

Durmuş pudagynyň ösüşine aýratyn üns berildi. Prezidentiň belleýşi ýaly, täze şäherçeleriň we obalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üstünlikli dowam edýär şeýle hem ilata berilýän ýeňillikli karzlaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda, Kaka etrabynda, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze, döwrebap obalar açylyp ulanmaga berildi. Ýene bir täze döwrebap oba Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda açylyp ulanmaga beriler.

Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýylyň ahyryna çenli 3 müňden gowrak täze iş orunlarynyň dörediljekdigini mälim etdi. Döwlet Baştutany şeýle hem “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” işläp taýýarlamagy we Halk Maslahatyna hödürlemegi tabşyrdy.

Prezident öz çykyşynda esasy pudaklaryň ösüşi barada durup geçdi. Döwlet Baştutany nebitgaz pudagyny halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasatyň hem-de TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy we “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion önümçiligiň döredilendigini belläp geçdi, himiýa senagatynda bolsa karbamid we mineral dökünleri öndürýän täze toplumy gurmak meýilleşdirilýär. Prezident şeýle hem, ulag-aragatnaşyk pudagyndaky uly göwrümli taslamalar barada belläp geçdi.

Döwlet Baştutany uly göwrümli gurluşyklara we döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Hususan-da, iri senagat desgalary gurmak meýilleşdirilýär: Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumy, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny we Türkmenabat we Mary şäherinde mineral dökünleri öndürýän toplumy. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygy alnyp barylýar we ýakyn wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylyp ulanmaga berler.

Aşgabatda we sebitlerde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş we bilim pudagyna degişli desgalaryň arasynda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, Stomatologiýa merkezi we Tejen şäherindäki köpugurly hassahanasy şeýle-de Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezleri bar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň gurluşygy dowam edýär.

Prezident ýurduň oba hojalygyndaky gazanylan üstünlikleri aýdyp, ýygnanan ýokary bugdaý we pagta hasyly barada belledi. Döwlet Baştutany şeýle hem, söwda toplumynyň ösüşini, EKSPO — 2025-e üstünlikli gatnaşandygyny we hususy telekeçiligiň işjeň ösüşini belläp geçdi.

Prezident öz çykyşynda milli bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigine ünsi çekdi. Halkara derejä laýyk gelýän ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Bilim ministrliginiň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde geljekde hünärmenlere bolan zerurlyklar boýunça Tertibi işläp düzmegi tabşyrdy. Bu resminamanyň esasynda, hünär bilimi edaralaryna okuwa kabul etmegiň döwlet sargydyny taýýarlamagy üpjün eder.

Prezident öz çykyşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarlydygyny nygtady. Şeýle hem bu derejäniň, ähli döwletler we abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek üçin esas bolup durýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany ýurduň ýakyn wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna gatnaşjakdygyny habar berdi. Ol ýerde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan ediler. Bu garaýyşlar ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüş, ulag, energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Prezident ekologiýa howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegi ileri tutulýan ugurlaryň ararsynda görkezdi.

Döwlet Baştutany şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrynda wekilçilikli forumy geçiriler. Ol Türkmenistanyň parahatçylygy goraýyş ýörelgesini wagyz etmäge goşant goşar.

Çykyşynyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow öňde goýlan ähli wezipeleriň bilelikdäki tagallalar arkaly durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.

(Çykyş bilen dolulygyna şu ýerde tanşyp bilersiňiz)

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: