Iň täze habarlar

Howa maýa goýumlary – Merkezi Aziýanyň durnukly geljegiň girewidir

19.09.2025 | 17:35 |
 Howa maýa goýumlary – Merkezi Aziýanyň durnukly geljegiň girewidir

Awaza, 19-njy sentýabr | ORIENT. Ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň aýratyn sessiýasy ekologiýa taýdan arassa maýa goýumlarynyň we howanyň üýtgemeginiň täsirlerine garşy durmaga ukyply infrastrukturanyň döredilmegine bagyşlandy. Bütindünýä bankynyň, BMGÖM-niň, UNEP-iň we ÝTÖB-niň öňdebaryjy bilermenleri, şeýle hem Türkmenistanyň we beýleki ýurtlardan ministrlikleriň wekilleri çekişmäniň ýokary derejesini üpjün etdiler. Bütindünýä Bankynyň erkezi Aziýa boýunça direktory Naji Benhassin sessiýanyň moderatory bolup çykyş etdi.

Ählumumy çagyryşlara sebitleýin jogap

Wekiliýetlerde Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň (Central Asia Regional Economic Cooperation Program) institutynyň direktory Çarymuhammet Şallyýewiň çykyşy aýratyn gyzyklanma döretdi. Ol howanyň üýtgemeginiň eýýäm Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetine çynlakaý täsir edýändigini aýtdy. Bu çagyryşlara jogap hökmünde sebit, 2030-njy ýyla çenli uglerod zyňyndylaryny 15–60% azaltmaga gönükdirilen “Howanyň üýtgemegi pudagynda CAREC-iň garaýşyny” kabul etdi.

19092025-klimaticheskie-investitsii-tsentralnaya-aziya (4).jpg

“CAREC”-iň 2025–2027-nji ýyllar üçin hereketleriň meýilnamasynyň çäginde anyk ugurlar kesgitlenilýär:

Institusional ösüş. “Suw-energiýa-azyk önümleriniň” özara baglanşygyny pugtalandyrmak.

Pes uglerodyň ösüş. Gaýtadan dikeldilýän energiýany we arassa ulagy ösdürmek.

Durnukly infrastruktura. Ulag geçelgeleriniň, energetika we suw ulgamlaryny howanyň töwekgelçiliginden goramagy üpjün etmek.

Sanlylaşdyrmak. Gözegçilik we irki duýduryş ulgamlaryny ornaşdyrmak.

Bu maksatlary durmuşa geçirmek üçin “CAREC”iň instituty ýurtlary ýaşyl maýa goýumlaryny işjeň çekmäge we ekologik bilimini ösdürmäge çagyrýar.

Amaly üstünlikleriň mysaly: Marokkanyň tejribesi

Marokko Patyşalygynyň Ykdysadyýet we maliýe ministriniň uly geňeşçisi Ahmed Halid Benomaryň çykyşy çekişmäniň dowamyndaky esasy çykyşlaryň biri boldy. Ol howanyň üýtgemegine diňe bir ekologiki howp hökmünde däl-de, eýsem gurluş taýdan çagyryş hökmünde garaýan öz ýurdunyň tejribesini hödürledi.

19092025-klimaticheskie-investitsii-tsentralnaya-aziya (5).jpg

Benomaryň sözlerine görä, Marokko soňky 20 ýylda energiýa garaşsyzlygyna esaslanýan konsepsiýany üstünlikli durmuşa geçirdi. Ýurt aýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine üns berip, dünýä bazarlaryna garaşlylygyny azaltmaga çalyşýar. Çykyş ediji esasy üstünlikleri beýan etdi.

• Energetika geçişi: 2024-nji ýyla çenli ýurduň energetika deňagramlygynda gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň paýy 45% -e ýetdi. 2027-nji ýyla çenli bolsa 56% -e ýetmekligi maksat edinýär.

• Mega taslama: Gün we ýel energiýasy (mysal üçin, Noor toplumy) ulgamynda uly göwrümli taslamalar, şeýle hem meýilleşdirilen maýa goýum mukdary 32 milliard dollar bolan ýaşyl wodorody öndürmek üçin synag taslamalary durmuşa geçirildi.

• Infrastrukturanyň ösüşi: Marokko häzirki zaman ulag merkezlerine (Afrikada ilkinji ýokary tizlikli otly, Tanjer-Med porty) maýa goýýar we yklymlaryň arasyndaky ulag köprüsiniň ornuny pugtalandyrýar.

19092025-klimaticheskie-investitsii-tsentralnaya-aziya (2).jpg

Sessiýa howanyň we durnukly infrastruktura meseleleriniň ykdysady we maýa goýum strategiýasynyň esasy elementine öwrülip, ekologik gün tertibiniň çäginden has daşary çykýandygyny görkezdi. Marokkanyň mysaly, ýaşyl ykdysadyýete ägirt uly geçişiň diňe bir töwekgelçiligi azaltmak bilen çäklenmän, eýsem ösüş üçin täze mümkinçilikleri açyp we ýurduň ählumumy derejedäki ornuny pugtalandyryp biljekdigini aýdyň görkezdi. Dialog Merkezi Aziýanyň iň gowy dünýä tejribä esaslanyp, howanyň çagyryşlaryny ulgamlaýyn çözmäge taýýardygyny tassyklady.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: