Iň täze habarlar

Türk howa ýollary gatnaw ulgamyna Sewilýa şäherini goşdy

17.09.2025 | 17:30 |
 Türk howa ýollary gatnaw ulgamyna Sewilýa şäherini goşdy

Şu gün, 17-nji sentýabrda, «Turkish Airlines» awiakompaniýasy täze ugur boýunça — Stambuldan Sewilýa şäherine we yzyna — yzygiderli gatnawlary amala aşyrmaga başlady.

Uçuşlar hepdede ýedi gezek ýerine ýetiriler we bu Türkiýe bilen Ispaniýanyň iň iri şäherleriniň biriniň arasynda amatly aragatnaşygy üpjün eder.

Tertibe görä, uçuşlar Stambuldan irden we günortan, Sewilýa şäherinden bolsa günortandan soň we agşam amala aşyrylar:

Uçuş TK 1297: Stambuldan uçuş 06:55-de, Sewilýa 10:45-de gonýar (duşenbe, çarşenbe, şenbe).

Uçuş TK 1298: Sewilýadan uçuş 11:45-de, Stambula 17:15-de gonýar (duşenbe, çarşenbe, şenbe).

Uçuş TK 1299: Stambuldan uçuş 13:50-de, Sewilýa 17:40-da gonýar (sişenbe, penşenbe, anna, ýekşenbe).

Uçuş TK 1300: Sewilýadan uçuş 18:40-da, Stambula 15:35-de gonýar (sişenbe, penşenbe, anna, ýekşenbe).

Täze ugruň açylmagy Türkiýäniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna Ispaniýada amatly syýahat etmäge, şeýle hem syýahatçylyk we iş saparlary üçin täze mümkinçilikleri döretmäge ýardam eder.

«Türk howa ýollary» awiakassasyndan biletleri aşakdaky salgy boýunça satyn alyp bolýar:

G. Kuliýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy.

Elektron poçta: askabatbiletsatis@thy.com

Awiakompaniýanyň saýty: https://www.turkishairlines.com/

ORIENT

Foto: turkishairlines.com

Şeýle hem okaň: