Iň täze habarlar

Täze bazarlara ýol açmak: Maýa goýum forumy söwda institutlaryny pugtalandyrmak üçin meýdança hökmünde

19.09.2025 | 13:05 |
 Täze bazarlara ýol açmak: Maýa goýum forumy söwda institutlaryny pugtalandyrmak üçin meýdança hökmünde

Awaza, 19-njy sentýabr | ORIENT. “Söwdanyň institusional esaslaryny berkitmek. Täze bazarlara ýol açmak” atly sessiýasy Awazadaky maýa goýum forumynyň esasy çekişmeleriniň meýdançalarynyň birine öwrüldi. Türkmenistandan, Özbegistandan, Owganystandan, Gazagystandan we Beýik Britaniýadan degişli edaralaryň we öňdebaryjy maliýe guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy dialogyň ýokary derejesini üpjün etdi. Sessiýa MASYH institutynyň direktory Çarymuhammet Şallyýew moderatorlyk etdi.

19092025-ninvestforum-ukreplenie-torgovli (2).jpg

Maliýe infrastrukturasy boýunça strategiki dialog

Söwdany netijeli ösdürmek we maýa goýumlaryny çekmek üçin zerur strategiki mehanizmler ara alyp maslahatlaşmanyň esasy temasy boldy. Maýa goýum we eksport ätiýaçlandyryşyna söwda maliýeleşdiriş we karz gurallaryna aýratyn üns berildi. Bütindünýä banky we Maýa goýum we eksport karzyny ätiýaçlandyryş boýunça Yslam korporasiýasy (ICIEC) ýaly ählumumy derejedäki oýunçylaryň gatnaşmagy, töwekgelçilikleri azaltmak we sebitdäki taslamalaryň maliýe durnuklylygyny üpjün etmek üçin bilelikde işlemäge taýýardygyny nygtaýar.

19092025-ninvestforum-ukreplenie-torgovli (1).jpg

Birža söwdasynyň we işewür gatnaşyklaryň ösüşi

Şeýle hem essiýa gatnaşyjylar täze bazarlara çykmak üçin amaly gurallara hem üns berdiler. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň bilen Özbekistanyň respublikan haryt we çig mal biržasynyň wekilleri söwda amallarynyň açyklygyny ýönekeýleşdirmek we ýokarlandyrmak üçin birža ulgamlarynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Günbatar Londonyň Söwda-senagat edarasy hem öz gezeginde Ýewropa bazaryndaky täsirli oýunçy hökmünde işewürligi goldamak we ösdürmek üçin öz çemeleşmelerini hödürledi.

19092025-ninvestforum-ukreplenie-torgovli (1).jpeg

Sessiýa sebitdäki ýurtlaryň umumy ösüşden başga-da söwdany ösdürmek üçin anyk institusional çözgütleri taýýarlamaga geçýändigini görkezdi. Halkara hyzmatdaşlaryň we maliýe guramalarynyň işjeň gatnaşmagy ygtybarly we häzirki zaman söwda ekoulgamyny döretmäge özara gyzyklanmany görkezýär. Bu dialogyň netijesi diňe bir täze gatnaşyklara ýol açman, eýsem durnukly ykdysady ösüş we sebitiň halkara söwdasyndaky eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin berk binýady emele getirer.

Enejan KEPBANOWA

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: