Iň täze habarlar

Azerbaýjan Türkmenistana sowgat hökmünde nebit tankerini gurýar, gün tertibinde – howa gatnawy

19.09.2025 | 23:47 |
 Azerbaýjan Türkmenistana sowgat hökmünde nebit tankerini gurýar, gün tertibinde – howa gatnawy

Awaza, 18-nji sentýabr | ORIENT. Awazadaky Maýa goýum forumynyň çäginde biziň habarçymyz Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Sahib Alekperow bilen söhbetdeş boldy. Döwlet işgäri Azerbaýjanyň Hökümeti “doganlyk gatnaşyklaryň” alamaty hökmünde Türkmenistana 8 müň tonnalyk nebit tankerini sowgat bermek barada karary kabul edendigini tassyklady. Ol bu barada plenar sessiýada eden çykyşynda belläp geçdi.

Sahib Alekperowyň sözlerine görä, taslama şu ýylyň ahyryna ýa-da indiki ýylyň başyna tamamlanar.

Söhbetdeşlikde, ol hyzmatdaşlygyň simwoliki hereketleriň çäginden çykýandygyny belläp, ulag pudagyndaky özara hyzmatdaşlygynyň beýleki taraplaryna hem ünsi çekdi.

Ministriň orunbasary awgust aýynda Awazada geçirilen üçtaraplaýyn duşuşyk barada belläp geçdi. Onuň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda halkara howa gatnawyny mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Sahib Alekperowyň sözlerine görä bu resminamanyň durmuşa geçirilmegi ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrar.

Deňziň üstünden göni howa gatnawy işewürlik, syýahatçylyk we myhmançylyk saparlaryny artdyrmak üçin mümkinçilikler döreder diýip belledi hem-de şeýle ugur boýunça amatly howa gatnawynyň ýolagçylaryň arasynda uly islege eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

18092025-azerbaijan-turkmenistan-vozdushnyi-most (2).jpg

Ulag ulgamyndaky ösüş barada Sahib Alekperow, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky logistika baglanyşygyň yklymyň ähli ýurtlary, esasanam Hazarýaka sebitindäki ýurtlar üçin bähbitlidigini aýtdy.

“Ir döwürler ähli ýollar Rime eltýär diýlip aýdylyşy ýaly, indi ähli ýollaryň Türkmenistandan geçýändigini aýdyp bileris” – diýip, ol taryhy meňzeşlige ýüzlendi. Sebäbi bu Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky iň gysga ýol – diýip, Alekperow sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol bu ugurda iki ýurduň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň maýa goýum ýagdaýynyň düýpli üýtgemegine we göze görnüp duran netijelere getirjekdigine ynam bildirdi. Onuň pikiriçe Aşgabat bilen Bakuwyň munuň üçin ähli şertler bar, sebäbi iň ýokary derejedäki ajaýyp gatnaşyklar syýasy dialoga we ykdysady gatnaşyklara tebigy taýdan täsir edýär.

18092025-azerbaijan-turkmenistan-vozdushnyi-most (1).jpg

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: