Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary Duşenbede geçirilýän halkara sergide öz hyzmatlaryny hödürleýär
20.09.2025 | 10:45 |18-nji sentýabrda Täjigistandaky Dushanbe Expo sergi merkezinde üç günläp dowam etjek DITE-2025 Halkara syýahatçylyk sergisi açyldy. Çäre öňüsyrasyndaky Halkara syýahatçylyga maýa goýumlary çekmek boýunça forumyň çäklerinde geçirilýär.
Serginiň gatnaşyjylarynyň arasynda Eşretli Syýahat, Hazar Ugry, Aşgabat Syýahat, Jahankeşde we Halkara Syýahat ýaly türkmen kompaniýalary bar. Olar Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini, baý medeni mirasyny bilen tanyşdyryp, syýahatçylara täze ugurlary we hyzmatlary hödürleýärler.
Bu ýyl DITE-2025 dünýäniň 20 ýurdundan, şol sanda Täjigistandan we Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerinden, Germaniýadan, Beýik Britaniýadan, Russiýadan, Türkiýeden, BAE-den, Saud Arabystanyndan, ABŞ-dan, Eýrandan, Pakistandan, Bahreýnden, Ýemenden, Siriýadan we Marokkodan 200 töweregi kompaniýany jemledi. Gatnaşyjylaryň arasynda syýahatçylyk agentlikleri, awiakompaniýalar, myhmanhana toplumlary, sagaldyş merkezleri, sowgatlyk önümleri öndürijileri bar.
Sergi syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, tejribe alyşmak we täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm platforma bolup hyzmat edýär. Türkmen kompaniýalary üçin şeýle foruma gatnaşmak milli syýahatçylyk önümini öňe sürmekde we daşary ýurt bazarlarynda orny giňeltmekde goşmaça mümkinçilikleri açýar.
ORIENT