Aragatnaşyk pudagy Garaşsyzlyk baýramyny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar
20.09.2025 | 20:02 |Däp bolşy ýaly, her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli pudaklarynda öz hünärine ussat işgärler, öňdebaryjy watandaşlarymyz döwlet sylaglarydyr, hormatly atlar we Şa serpaýlary bilen sylaglanylýar.
Ine, şu ýyl hem mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň 34 ýyllyk şanly senesiniň bellenýän günleri, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk pudaklarynda göreldeli zähmet çekýän ildeşlerimiziň ençemesi, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldular.
20-nji sentýabrda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde, Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan ulag-aragatnaşyk ulgamynyň hünärmenlerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dabara gatnaşan aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri: «Garaşsyzlyk ýyllary içinde, ýurdumyz täze sanly ösüşleriň we halkara hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüldi. Biz üçin Täze taryhy döwürde sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp zähmet çekmek uly bagtdyr» diýip, buýsanç sözlerini beýan ediler.
ORIENT