Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň jemleýji güninde sanly özgerişler we söwda üns merkezinde bolar
19.09.2025 | 10:57 |Awaza, 19-njy sentýabry. Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF 2025) jemleýji güni şu gün ýurduň ykdysadyýetini tehnologiýa arkaly döwrebaplaşdyrmaga we onuň global söwdadaky ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen maslahatlar bilen başlandy.
Günüň meýilnamasy "Durnukly ösüşiň bähbidine sanly we ýaşyl özgertmeler" atly sessiýa bilen açyldy. Ýewropa Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (EBRD) Türkmenistandaky ýolbaşçysynyň alyp barmagynda bu panele CAREC Institutynyň, Halkara Maliýe Korporasiýasynyň (IFC) we Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüş Guramasynyň (UNIDO) bilermenleri gatnaşdy.
Maslahatlar "Söwdanyň institusional esaslaryny berkitmek. täze bazarlara ýol açmak" sessiýasy bilen dowam etdi. Panele Bütindünýä Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory we Maýa goýumlary ätiýaçlandyrmak we eksport karzyny bermek boýunça Yslam Korporasiýasynyň (ICIEC) wekilleri gatnaşyp, Türkmenistanyň söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin çarçuwalary öwrendiler.