Iň täze habarlar

Aşgabatda Koreýanyň Medeniýet Hepdeligi geçiriler

20.09.2025 | 14:30 |
 Aşgabatda Koreýanyň Medeniýet Hepdeligi geçiriler

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin täsin medeni çäräni — Koreýanyň Medeniýet Hepdeligini taýýarlady. Ol 3-nji oktýabrda «Arkaç» Söwda-dynç alyş merkezinde geçiriler.

Myhmanlara baý maksatnama garaşýar: hatdatlyk boýunça ussatlyk sapaklary, ol ýerde islendik adam öz adyny koreý elipbiýinde — hangylda ýazyp biler; «Koreýa syýahat» atly temadan surata düşülýän ýer; şeýle hem bu ýurduň däp-dessurlary, sungaty we medeni mirasy bilen tanyşlyk.

Guramaçylaryň bellemegine görä, çäräniň maksady Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmekden ybarat.

Çäräniň başlanmagy sagat 17:00-a meýilleşdirilen. Giriş ähli isleg bildirýänler üçin açykdyr.

ORIENT

Foto: korea.net

Şeýle hem okaň: