Türkmenistanyň Prezidenti Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
12.09.2025 | 23:55 |12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Döwlet Baştutanyň Aşgabatdan dikuçarda dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada hasabat berdi. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi.
Döwrebap serhet birikmesiniň täze binalar toplumy dolandyryş binasyndan, nyzam meýdançasyndan, naharhanadan, 300 orunlyk medeniýet öýünden, esgerler ýatakhanasyndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, sport we sagaldyş toplumyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, gulluk, durmuş maksatly binalardan ybarat.
Tanyşlygyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow birikmäniň dolandyryş binasyna bardy we bu ýerde ornaşdyrylan tehniki enjamlar halkara standarlaryna doly laýyk gelýär. Binanyň döwrebap tehnologiýalar, iň täze enjamlar hem-de programmalar bilen üpjün edilmegi Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygynyň, onuň ähli düzümlerine sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Döwlet Baştutany şeýle hem esgerler ýatakhanasyna bardy. Bu ýerde serhetçileriň göwnejaý dynç almaklary, harby gullukçylaryň gündelik durmuş hyzmatlaryny üpjün etmek, boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir.
Tanyşlygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejeli söweşjeň aýratynlyklary bolan, harby düzümleriň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby tehnikalar bilen tanyşdy.
Soňra Serdar Berdimuhamedow häzirki zaman aşhana enjamlary we azyk önümlerini talabalaýyk saklamak üçin ýörite ulgamlar bilen üpjün edilen täze serhet birikmesiniň esgerler naharhanasyna baryp gördi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördi. Bu ýerde jemi 144 hojalyga niýetlenen 4 sany, 36 öýli döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, dükan, çagalar üçin oýun we sport meýdançasy göz öňünde tutulypdyr. Ýaşaýyş jaýlarynyň myhmanlardyr çagalar üçin niýetlenen giň we ýagty otaglary döwrebap mebeller bilen enjamlaşdyrylypdyr.
Döwlet Baştutany täze jaýa göçüp gelen harby gullukçy we onuň maşgala agzalary bilen söhbetdeş boldy. Harby gullukçy Watan goragçylarynyň mukaddes gulluk borjuny berjaý etmekleri, dynç almaklary, maşgala agzalarynyň abadan durmuşda ýaşamaklary ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we harby kasama wepaly bolup, mukaddes wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti toplumyň çäginde gündelik zerur bolan harytlaryň giň görnüşlerini şol sanda türkmen telekeçileriniň öndürýän azyk we hojalyk harytlary hödürleýän söwda nokadynyň işi bilen tanyşdy.
Täze ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi dürli güller, saýaly baglar oturdylyp abadanlaşdyrylypdyr. Toplumyň çäklerindäki lukmançylyk merkezi ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek üçin häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilipdir.
Soňra döwlet Baştutany Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
ORIENT