Iň täze habarlar

Daewoo E&C Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň Premýer hyzmatdaşydyr

12.09.2025 | 22:50 |
 Daewoo E&C Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň Premýer hyzmatdaşydyr

Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd. — Günorta Koreýanyň inženerçilik we gurluşyk kompaniýasy bolup, 1973-nji ýylda döredilen we merkezi Koreýa Respublikasyndaky Seul şäherinde ýerleşýär.

Döredilen gününden bäri Daewoo E&C gurluşyk pudagynda, içerki hem halkara bazarlarynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Kompaniýa uniwersal dizaýner hökmünde gurluşyk, maliýeleşdiriş, infrastruktura we energetika ösüşi ýaly taslamalary amala aşyryp, jemgyýet üçin gymmatlyk döredýär.

Kompaniýanyň esasy ugurlary: ýylylyk, atom we tolkun elektrik stansiýalarynyň, LNG terminallarynyň, ýaşaýyş we söwda binalarynyň, awtomobil ýollarynyň we köprüleriniň gurluşygy. Häzirki wagtda kompaniýa 30-dan gowrak ýurtda iş alyp barýar we 13 ýurtda golçur kärhanalary bar.

Daewoo E&C täze tehnologiki çözgütleri ulanmak arkaly içerki we halkara infrastrukturany döretmekde taslamalary amala aşyrýar, inženerçilik pikirlerini hakyky durmuşa geçirýär. Şeýle hem, kompaniýa arassa energetika we dekarbonizasiýa ugurlaryny ösdürmäge işjeň girişýär, köp ýyllaryň dowamynda toplanylan tehniki mümkinçiliklere we tejribä daýanyp.

Kompaniýa klimat üýtgemelerine jogap berip gurluşyk işlerini alyp barýar we daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns berýär. Daewoo E&C jemgyýetçilik jogapkärçiligi ýörelgelerini durmuşa geçirip, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan üpjünçilik zynjyrlaryny dolandyrýar we ýerli jemgyýetleriň ösüşine goşant goşýar. Daewoo E&C senagat desgalarynyň gurluşygy boýunça ýokary tehnologiýaly taslamalary üstünlikli ýerine ýetirip, halkara bazarlarynda öňdebaryjy kompaniýalar bilen üstünlikli bäsleşýär.

Kompaniýa nebitiň we gazyň daşalmagy hem-de saklanylmagy boýunça özboluşly tehnologiýa mümkinçiliklerine eýedir, şol sanda nebit gaýtadan işleýän zawodlaryň we ugurdaş desgalaryň gurluşygyny amala aşyrýar. Esasan hem, tebigy gazyň suwuklandyrylan görnüşiniň (LNG) zawodlary boýunça uly tejribe we bäsdeşlik ukyby bilen dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýär.

Daewoo E&C Koreýa Respublikasynyň içinde-de, daşary ýurtlarda-da hususy energetika pudagyndaky taslamalary netijeli işläp düzmekde, maliýeleşdirmekde we durmuşa geçirmekde ukybyny yzygiderli görkezýär.

Mundan başga-da, Daewoo E&C halkara « “Türkmenistanyň maýa goýum forumy» forumynyň Premýer hyzmatdaşydyr we bu ýagdaý kompaniýanyň ýokary derejesini hem-de Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine bolan strategik gyzyklanmasyny tassyklaýar.

Foto: businesskorea

Şeýle hem okaň: