Ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk çäreleri geçirildi
12.09.2025 | 08:00 |Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny belleýän Türkmenistan ýylyň esasy wakalarynyň biri — Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlanýar. Bu çärä giň taýýarlyk işleriniň çäklerinde 9-njy sentýabrda ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde häzirki zaman milli demokratiýa nusgalaryna bagyşlanan çäreler geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda maslahat
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlykda Türkmenistanyň häzirki zaman milli demokratiýa nusgasy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Mejlisiň deputatlary, Mary welaýatynyň Halk Maslahatynyň agzalary, şeýle hem mugallymlar we talyplar gatnaşdylar. Gatnaşyjylar Halk Maslahatynyň häzirki wagtda alyp barýan işleri baradaky çykyşlary diňlediler we milli demokratiýanyň ösüş meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Döwlet çeperçilik akademiýasynda tegelek stol
Şol gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň milli taglymatlary» atly tegelek stol geçirildi. Mugallymlaryň gatnaşmagynda guralan duşuşyk Halk Maslahatynyň öňümizdäki mejlisiniň taryhy ähmiýetini wagyz etmäge gönükdirildi.
ORIENT