Iň täze habarlar

Rumyniýada geçirilen «KURULTAI» festiwalynyň sahnasynda türkmen kinosy görkezildi

06.09.2025 | 12:13 |
 Rumyniýada geçirilen «KURULTAI» festiwalynyň sahnasynda türkmen kinosy görkezildi

2025-nji ýylyň 5–7-nji sentýabry aralygynda Rumyniýanyň Tekirgöl şäherinde «KURULTAI» atly türki we tatar halklarynyň 10-njy Halkara autentik medeniýet festiwaly geçirildi. Çäre Rumyniýanyň ÝUNESKO işleri boýunça Milli toparynyň howandarlygynda hem-de ýurduň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen guraldy.

Bu ýylky festiwala türkmen wekiliýeti hem gatnaşyp, milli kino sungatynyň baý medeni mirasyny we häzirki zaman ugurlaryny şöhlelendirýän filmleri hödürledi. Maksatnama türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» atly filmi bilen türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitabyndaky liriki rowaýata esaslanýan režissýor Hekim Alowowyň «Gyzyl alma» atly çeper filmi girizildi. Soňky film türkmen halkynyň päk ýürekliligini we zähmetsöýerligini wasp edýän milli däp-dessurlary we gymmatlyklary beýan edýär.

Türkmen filmleriniň görkezilişi festiwalyň baý maksatnamasynyň bir bölegi boldy. Oňa sungat çykyşlary, sergiler, ussatlyk sapaklary we el hünäri işleriniň görkezilişi hem girizildi.

«KURULTAI» festiwalynyň açylyş dabarasy Tekirgöldäki Žan Konstantin adyndaky tomusky teatrynda boldy. Çärä dürli ýurtlaryň wekilleri, diplomatlar, resmi işgärler, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: