2026-2027-nji okuw ýyllary üçin Chevening talyp hakly maksatnamalaryna arzalaryň kabul edişligi başlandy
05.08.2025 | 17:53 |Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026-2027-nji okuw ýyllary üçin Chevening talyp hakly maksatnamalaryna arzalaryň kabul edişliginiň başlandygy barada habar berýär.
Chevening — bu Beýik Britaniýanyň hökümetiniň abraýly halkara talyp hakly maksatnamasy bolup, ol dünýäniň ähli künjeklerinden zehinli geljekki liderlere doly tölenilýän talyp haky mümkinçilikleri hödürleýär. Bu maksatnama Beýik Britaniýanyň uniwersitetleriniň birinde bir ýyl möhlet bilen magistr derejesini almak üçin mümkinçilik berýär.
Chevening maksatnanasy boýunça bilim alýanlar ýokary hilli bilimden başga-da, eksklýuziw çärelere, taýýarlyk okuwlaryna gatnaşmak bilen, maksatnamanyň global uçurymlar bilrleşiginiň bir bölegi bolmak ýaly mümkinçiliklere eýe bolýarlar.
Arza bermek barada maglumatlar:
Onlaýn arza: chevening.org/apply
Soňky möhleti: 2025-nji ýylyň 7-nji oktýabry, sagat 12:00 (UTC – bütindünýä utgaşdyrylan wagty)
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar: ähli dslaşgärler Chevening maksatnamasynyň onlaýn gollanmasynda jikme-jik beýan edilen talaplara laýyk bolmalydyr. Arza bermezden ozal bu gollanma bilen tanyşmak maslahat berilýär.