HeliumOS 10: Kompýuterler üçin täze operasiýa ulgamy
31.07.2025 | 15:30 |2025-nji ýylyň 28-nji iýulynda HeliumOS 10 atly kompýuterler üçin täze operasion ulgamy çykdy. Bu adaty ulgam bolman, eýsem, "atomar" görnüşli Linux ulgamy bolup, ýokary ygtybarlylyk üçin işlenip düzüldi. Onuň aýratynlygy ol örän durnukly ýagdaýda işleýär we bütinleý blok görnüşinde täzelenýär, bu bolsa näsazlyklaryň we ýalňyşlyklaryň öňüni almaga kömek edýär. HeliumOS-yň esasyny meşhur CentOS Stream we AlmaLinux ulgamlary düzýär.
HeliumOS 10 ýyl möhlet bilen goldaw aljak durnukly bir önümi çykarmak maksady bilen, 2024-nji ýyldan bäri işlenip gelinýär. Ulgamyň esasy aýratynlyklary:
• AlmaLinux-dan Linux 6.12 ýadrosy, howpsuz ýükleniş üçin gol çekilen.
• KDE Plasma iş stoly.
• Default Zsh örtügi.
• Btrfs faýl ulgamynyň we LUKS doly disk şifrleme mümkinçiligi.
• Konteýnerler bilen işlemek üçin öňünden gurnalan Docker.
Enjamyň laýyklyk meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolan ulanyjylar üçin, HeliumOS 10 Edge Edition atly synag görnüşi elýeterlidir. Ol has täze Linux 6.14 ýadrosynda işleýär, emma howpsuz ýükleniş üçin goldaw bermeýär. Ulanyjy, bir tabşyryk arkaly aňsatlyk bilen bu ulgama geçip biler.
ORIENT