Daşyndan garaýyş: Türkmenistan näme üçin hiç wagt üzňe bolmady
18.09.2025 | 14:20 |Frederik Starr – Russiýa we Ýewraziýa boýunça amerikanyň seljermesinde esasy bilermen, Merkezi Aziýa-Kawkaz institutyny esaslandyryjy. Onuň pikiri agramlydyr. Ol Awazadaky maýa goýum forumynda Türkmenistana bolan öz garaýşyny paýlaşdy we iň giň ýaýran toslamalaryň birini ýok etdi.
Forumda çykyş eden professor Stiwen Frederik Starr göni esasy meselä geçdi. Ol ekran arkaly hemmeler bilen salamlaşdy we özüniň bu foruma gatnaşyp bilmeýändigini gynanç bilen belledi. Soňra adaty diplomatik sözleri bir gyra goýup, esasy pikirini aýtdy.
Üzňelik toslamasyny düzetmek
Köpler daşyndan türkmen bitaraplygyny üzňelik diýip hasap edýärdiler. Frederik Starr düýbünden ylalaşmaýar. Howwa, Aşgabat daşky dünýä bilen gatnaşyklara elmydama seresaplyk bilen çemeleşdi, haýsydyr bir tarapa bil baglamak islemedi. Ýöne bu seresaplygyň aňyrsynda oňuň sözlerine görä hemişe işjeň we oýlanşykly syýasat bardy.
Professoryň belläp geçişi ýaly, Türkmenistanyň hut özi Hytaýa gaz geçiriji gurmak başlangyjy bilen çykyş etdi.
“Başlangyç Pekinden dälde, Aşgabatdan geldi. Bu Türkmenistanyň göýä üzňe diýip atlandyrylýan döwründe bolup geçdi. Ýok, bu beýle bolmandy” – diýip Starr belledi. Ol Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynyň ýene bir mysaly hökmünde Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagyny döretmek baradaky başlangyjy belledi. Türkmenistan olaryň arasynda öňdeligi eýeledi. Bu bolsa üzňelik baradaky garaýyşlar bilen gabat gelmeýär.
Herekete çagyryş: diňe bir ulag däl
Frederik Starr maýadarlary diňe bir adaty nebitgaz taslamalaryna däl-de, beýleki ugurlara has giňişleýin garamaga çagyrdy. Aýratynam iki ugry kesgitledi:
• Ulag. Bu ýerde gürrüň baglanyşyklaryň ähli ugurlary barada barýar – gündogar, günbatar, demirgazyk we günorta. Ol köpýyllyk TOHP gaz geçiriji taslamasy barada belledi. Onuň pikirine görä, taslamany durmuşa geçirmegiň bir eýýam wagty geldi.
• Oba hojalygy. Professor ýokary ösen oba hojalyk sebitlerine, esasanam ýurduň demirgazyk sebitine üns berilmelidigini belledi. Bu ýerde pudagyň işini giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere bar.
Ýüzlerdäki gelejek
Öz çykyşynyň ahyrynda Frederik Starr adamlaryň ünsini iň möhüm zada çekdi. Ol Türkmenistanda hyzmatdaşlyga taýyn täze nesliň kemala gellýändigini belle. Bu ýaşlar daşary ýurt dillerini öwrenýärler we öňküsi ýaly syýahat edýärler.
Professor daşary ýurt maýadarlarynyň olardan mynasyp hyzmatdaş tapjakdyklaryna ynam bildirdi we işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem, işewür gatnaşyklary berkitmek üçin türkmen dilini öwrenip başlamagy teklip etdi.