Iň täze habarlar

Lenovo ThinkBook Plus Gen 6 Rollable: Ekrany giňeldilip bilinýän noutbuk

29.07.2025 | 15:00 |
 Lenovo ThinkBook Plus Gen 6 Rollable: Ekrany giňeldilip bilinýän noutbuk

Lenovo şu ýylyň başynda tanyşdyrylan innowasion eplenilýän OLED ekrany bolan ThinkBook Plus Gen 6 Rollable noutbugyny satuwa çykardy. Enjamyň başlangyç bahasy $3300-den başlanýar.

Modeliň esasy aýratynlygy — onuň dikligine giňeldilip bilýän OLED ekranydyr, ýagny ekran 14 dýuýmdan 16,7 dýuýma çenli giňeldilip we yzyna gysgalyp bilinýär. Bu diňe bir klawiaturadaky düwmäni basmak ýa-da web kamera tarap el hereketi bilen amala aşyrylýar. Öndüriji bu transformasiýanyň ekran meýdanyny takmynan 50% ýokarlandyrýandygyny, munuň bolsa resminamalar bilen işlemekde, programma düzmekde, maglumatlary seljermekde we mazmun döretmekde örän amatlydygyny belleýär. Şeýle hem ekran ýokary täzeleniş ýygylygy (120 Hz), ýagtylygy (400 nit) we DCI-P3 reňk giňişliginiň 100%-i bilen tapawutlanýar.

Jemi 19,9 mm galyňlygy we 1,7 kg agramy bilen ThinkBook Plus Gen 6 Rollable göterilmäge amatlylygy hem-de ösen aýratynlyklary özünde jemleýär. Enjamda giňeldilen ekrany doly peýdalanmaga mümkinçilik berýän ThinkBook Workspace funksiýasy bar, ol programmalara tiz girmegi üpjün edýän wijetler arkaly işleýär. Mundan başga-da, ekranyň portret görnüşi ulanyjynyň dogry duruşyny saklamagyna kömek edip, uzak wagtlap kompýuter başynda işlemekde ýüze çykýan agramy azaltmaga ýardam edýär.

Bu noutbuk Copilot+ kategoriýasyna girýär we emeli aň bilen baglanyşykly mümkinçilikleri, mysal üçin Lenovo AI Now (wezipeleri optimizirlemek we şahsylaşdyrylan maslahatlar bermek üçin) hem-de Paint Cocreator ýaly hyzmatlary özünde jemleýär. Bu AI aýratynlyklary internet birikmesi bolmazdan hem kyn meseleleri netijeli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

ThinkBook Plus Gen 6 Rollable häzirki zaman Intel Lunar Lake prosessory, Intel Arc grafik çipi, 32 GB RAM we 1 TB SSD ýat bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle-de ýokary tizlikli we durnukly simsiz birikmeler üçin Wi-Fi 7 we Bluetooth 5.4 goldawy bar.

ORIENT

Foto: habr.com

Şeýle hem okaň: