Hytaý iň kuwwatly suwda ýüzýän ýel turbinasyny döretdi: 17 MWt we taýfunlara garşy durnuklylyk
24.07.2025 | 14:10 |Hytaýda 17 MWt kuwwatlykly dünýäniň iň güýçli suwda ýüzýän ýel turbinasy döredildi. Bu bolsa ýylda takmynan 40 müň jaýy elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge ýeterlikdir. Täze desganyň esasy aýratynlygy onuň güýçli gomlar, tolkunlar we hatda taýfun şertlerinde açyk deňizde işlemek ukybydyr. Ýakyn wagtda turbina Guandun welaýatynyň kenarýakasynda hakyky synaglardan geçirmek üçin gurnalar.
Desganyň ölçegleri haýran galdyrýar: onuň beýikligi 152 m, rotorynyň diametri bolsa 262 m. Bu hem ýan-ýana duran iki awia uçarynyň uzynlygyndan hem ulydyr. Aýlanýan wagty perleriň meýdany 53 inedördül metre ýakynlaşýar. Bir ýylyň içinde bu enjam 68 mln KWt/s elektrik energiýasyny öndürip bilýär hem-de zyýanly zyňyndylary we artykmaç sesleri döretmeýär. Rotordan transformatora çenli, şol sanda özboluşly uly ölçegli esasy podşipnige çenli ähli enjamyň dolulygyna Hytaýda öndürilendigi wajypdyr.
Gurluşyň esasynda reduktorsyz hemişelik magnitli göni geçirijili generator bar. Şeýle ulgamyň has az hereket edýän bölekleri bar. Bu bolsa desganyň könelmesini we hyzmat ediş ýygylygyny azaldýar. Turbinanyň merkezinde ýokary dykyzlykly seýrek ýer magnitlerdäki generator ýerleşdirilip, ol aýlawly sudur boýunça sowadylýar. Munuň özi hatda düşýän agramyň duýdansyz üýtgän ýagdaýynda hem kuwwatlylygy durnuklaşdyrmaga mümkunçilik berýär.
Turbinanyň durýan platformasy ýarym ýükleniji gurluş esasynda taslanan: ol bölekleýin suwuň aşagyna gidip, ballast ulgamy bilen deňagramlaşýar. Desganyň durşyna gözegçilik etmek üçin GPS, giroskoplar we sanly datçikler, deňlemek üçin bolsa - pontonlaryň içinde suwy paýlamak maksady bilen işjeň sorujylar ulanylýar. Şeýlelikde, desga güýçli çaýkanmada hem durnukly galýar. Bu bolsa nusgawy fiksirlenen esasyň ulanyp bolmajak çuň suwly ýerler (çuňlygy 70-80 m köp) üçin aýratyn wajypdyr. Turbina üç sany berk zynjyr labyrlar arkaly deňiz düýbüne berkidilýär. Bu labyrlar howa şertlerine göra çekilip düzülýär.
Mundan başga-da, generatorda intellektual monitoring ulgamy ornaşdyrylan. Ol daşarky şertleri (ýel, tolkunlar, basyş) we içki görkezijileri (sarama temperaturasy, wibrasiýa, perlerdäki dartgynlylygy) gözegçilikde saklaýar. Ulgamda hakyky wagt tertibinde iň ownuk deformasiýalary yzarlamak we döwülmeleriň öňüni almaga ýardam etmek üçin perlere gurnalan optik süýümli datçikler ulanylýar. Öz sanly dolandyryş bazasy maşyn öwrediş algoritmleri bilen baglanyşykly bolup, prediktiw anyklaýyşy üpjün edýär: ulgam öňünden mümkin bolan bökdençlikleri çaklaýar we işi gowulandyrýar. Şeýle awtomatizasiýa derejesiniň netijesinde turbinanyň netijeliligi 99 % köp bolup, hatda agyr howa şertlerinde-de onuň yzygiderli işleýşini açyp görkezýär. Bu toplumyň gurulmagy täze wirtual modelirleme ulgamy arkaly mümkin boldy. Ýerli komponentleriň ulanylmagy, sanly awtomatizasiýa we çuň suw şertlerine uýgunlaşmak işi Hytaýy deňiz suw energetikasynda global öňdebaryjylygynyň hakyky dalaşgärine öwürýär.
ORIENT