Daniýa Magne atly iň güýçli kwant kompýuterini döretmekçi
24.07.2025 | 14:35 |Daniýa Magne atly dünýäniň iň güýçli kwant kompýuterini döretmegi meýilleşdirýär. QuNorth ady bilen tanalýan bu gerimli başlangyç Daniýanyň EIFO we Novo Nordisk Foundation gaznalaryndan 80 mln ýewro möçberinde maliýeleşdirmesini aldy. Taslamanyň esasy maksady – Skandinawiýada ýalňyşlyklary netijeli düzetmäge ukyply bolan ilkinji “ikinji derejeli kwant ulgamyny” işe girizmek.
Magne-niň işläp düzülmegi bilen Amerikanyň Microsoft we Atom Computing tehnologiýa kompaniýalary meşgullanar. Kompýuter Microsoft-yň Azure Quantum programma stegini we Atom Computing kompaniýasynyň bitarap atom tehnologiýalaryna esaslanýan enjam üpjünçiligini ulanar. Magne-niň 50 golaý logiki kubitlerden we 1200-den gowrak fiziki kubitlerden düzüljekdigine garaşylýar. Munuň özi oňa bir ulgamda fiziki we logiki kubitleriň ulanyş sany boýunça bar bolan dünýä rekordlaryny birleşdirmäge mümkinçilik berer.
Kubitler bu kwant kompýuterlerdäki esasy maglumat birlikleridir. Fiziki kubitler durnuksyz bolany sebäpli olary düzetmek üçin logiki kubitler döredilýär. Olar “wirtual” birlikler bolup, birnäçe fiziki kubitleri birleşdirýär. “Ikinji derejeli” ýalňyşlyk düzediş ulgamlary kwant artykmaçlygyna tarap möhüm ädim hasaplanylýar. Munuň özünde kwant kompýuterler nusgawy modellerden tapawutlylykda belli meseleleri has çalt çözüp bilerler.
Magne-niň gurluşygynyň 2025-nji ýylyň güýzünde başlanmagy meýilleşdirilýär, 2026-njy ýylyň ahyrynda bolsa ol işe girizerler. Kompýuter Kopengagende ýerleşdiriler we Daniýa degişli bolar. Taslama derman serişdeleriniň işläp taýýarlanylmagy we howanyň modelirlemegi ýaly ugurlarda özgeriş döredip biljek kwant tehnologiýalarynyň ösüşinde ABŞ-den we Hytaýdan yzagalaklylygy azaltmaga isleýän Ýewropa üçin möhüm ädimdir.
ORIENT