Google Pixel 10: täze reňkler we teleoýbektiwli güýçli kamera
24.07.2025 | 15:00 |Meşhur Android Headlines neşiri Google-iň geljekki flagman smartfony bolan Pixel 10 modeliniň ýokary hilli kompýuter suratlaryny neşir etdi. Telefon dört reňkde elýeterli bolar: eýýäm meşhur bolan gara reňkde (Obsidian) we üç düýbünden täze reňkde – garamtyl gök (Indigo), açyk gök (Frost) we limon sary (Limoncello) reňklerde çykarylar.
Öňki Pixel 9 modeli bilen tapawutlylykda, Pixel 10 has uzyn blokly kämil kamera bilen üpjün ediler. Ilkinji gezek baza görnüşinde teleobýektiwli goşmaça modul peýda bolar. Ozal ol diňe has gymmat Pro-modellerinde elýeterlidi. Kamera datçikleriniň mümkinçilikleri 48, 12 we 10,8 megapikseldir.
Deslapky maglumatlara görä, Pixel 10 aýdyň OLED-displeý bilen enjamlaşdyrylyp, onuň diagonaly 6,3 dýuým bolar. Ekran şekilleri we suratlary Full HD+ ýokary mümkinçilikli ýagdaýda şöhlelendirer. 120 Gs ýygylygy sebäpli suratlaryň görkezilip durmagy akgynly bolar. Onuň ýokary ýagtylygy 3000 kd/m2 bolup, displeýi bolsa Corning Gorilla Glass Victus 2 berk aýna gorar.
ORIENT