Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
24.07.2025 | 20:10 |24-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk we uly üstünlik, Özbegistanyň dogan halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.
Şu ýylyň aprel aýynda Samarkandda ýokary derejede geçirilen duşuşykda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäginde özbek-türkmen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly häzirki meselelere garaldy diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň web sahypasynda habar berilýär.
Özara söwda dolanyşygynyň çalt depginde ösmegi, kärhanalar we işewürler derejesinde kooperatiw gatnaşyklary çuňlaşdyrmak hem-de dowam edýän işjeň medeni we ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk kanagatlanma bilen bellenildi.
Halkara we sebit gün tertibindäki meseleler, şol sanda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna we Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görmek meselesi boýunça pikir alşyldy.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygy 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Daşkentde geçiriler.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň her ýyldaky duşuşygy hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak, netijeli özara hereketleri we integrasiýany ösdürmek hem-de umumy sebitleýin garaýyşly işläp düzmek üçin meýdança öwrüldi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy 2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystan paýtagty Astanada geçirildi. Şol duşuşykda sebit kooperasiýasyny ösdürmegiň “Merkezi Aziýa — 2040” Konsepsiýasyna gol çekildi.
Konsepsiýanyň esasy maksady – bäş taraplaýyn özara hyzmatdaşlygy giňeltmek we sebitiň halkara subýektiwligini ýokarlandyrmak arkaly sebitleýin ýakynlaşmak ugrundaky tagallalary birleşdirmekdir. Konsepsiýa durnukly ösüşiň iň möhüm şertleri hökmünde parahatçylygy we durnuklylygy ykrar edip, hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny başlatmagy maksat edinýär. Şeýle hem, ykdysady we logistika mümkinçilikleri giňeltmäge, suw, energetika we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin umumy strategiýalary döretmäge, doganlyk halklaryň arasyndaky medeni we ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de siwilizasiýa, sebit bitewiligini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
ORIENT