C++ Zero Cost Conf: C++ dilinde ýazýanlar we netijeliligiň gymmatyny bilýänler üçin maslahat
24.07.2025 | 17:20 |2-nji awgustda C++ Zero Cost Conf maslahaty geçiriler. Ol C++ dilinde programmanyň içerki böleginiň netijeli işläp taýýarlanylmagyna we pes derejeli böleklere bagyşlanar. Çäre öz ulgamlarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga isleýän işläp taýýarlaýjylar üçin niýetlenendir.
Maslahat birbada üç şäherde geçirilip, dürli gatnaşmak formatlaryny hödürlär:
• Moskwa: oflaýn we onlaýn
• Belgrad: oflaýn we onlaýn
• Sankt-Peterburg: goşmaça çäreler bilen oflaýn görnüşinde
Maslahatda size näme garaşýar?
Meşhur kompaniýalarynyň tejribeli inženerleri hakyky iş meselelerini nähili çözýändikleri barada hem-de programmalarynyň “abstraksiýanyň nol gymmatlylygy” bilen işleýiş usuly barada gürrüň bererler. Bu diýmek, olar kodlaryň çylşyrymly bölekleri işi peseltmez ýaly olaryň ýazylşyny düşündirerler. Size köpsanly amaly mysllar we anyk sanlar garaşýar.
Esasy çykyş ediljek temalar:
• Ýat aliasingi: onuň öndürijilige ýetirýän täsiri we ony goldamagyň kynçylyklary.
• C++20 moduller: uly taslamalarda täze dil mümkinçilikleriniň amaly taýdan ornaşdyrylmagy.
• Hardening: kody goraýyş serişdeleri we olaryň ösüşi.
• std:simd abstraksiýa bahalary: dürli arhitekturalarda (x86 we ARM) köpugurly SIMD-kodynyň özüni alyp barmagyň seljerilmegi.
• Baglylygy dolandyrmak: CMake-da, Meson-da, Conan-da, vcpkg-da we beýleki ulgamlarda kitaphanalar we gurallar bilen işlemegiň düşündirilmegi.
• Performance Puzzlers: bilermen Sergeý Slotin bilen öndürijilik boýunça adaty däl meseleleriň çözülşi.
Amaly workşop we beýleki çäreler:
Maslahatda Preforator guraly boýunça amaly workşop geçiriler. Bu Ýandeksiň öz hyzmatlarynyň öndürijiligini hemişe seljermek üçin ulanýan ýörite ulgamydyr. Öz programmaňyzda “bottlenecks” tapmak üçin onuň ulanylşy görkeziler.
Şeýle hem, CaseLab interaktiw sessiýasyna gatnaşyp bolar. Ol ýerde siz topar bolup programmalaryň ygtybarlygyny ýokarlandyrmak boýunça hakyky meseleleri çözüp bilersiňiz. Elbetde, C++ dilinde kod-golfy bolar – bu gyzykly bäsleşik bolup, onda az nyşanlary ulanmak bilen, işleýän kody ýazmaly.
Esasy maksatnamadan soňra, gatnaşyjylara maslahatdan soňky çäre garaşýar – resmi däl aragatnaşyk üçin agşam çäresi.
Giňişleýin maglumat we hasaba alnyşyk maslahatyň sahypasynda elýeterlidir.
ORIENT