Le.Travel syýahatçylyk agentligi Malaýziýa sentýabr syýahatlaryna toparlary jemleýär
25.07.2025 | 11:00 |Le.Travel syýahatçylyk agentligi Aşgabatdan ugraýan “Malaýziýada dynç alyş günleri” atly syýahata toparlaryň jemlenýändigi barada habar berdi. Syýahat iki döwre meýilleşdirilen: 2025-nji ýylyň 9-17-nji sentýabry we 16-24-nji sentýabry aralygynda.
Syýahatyň maksatnamasy iki esasy ugry – Kuala-Lumpur we Langkawi adasy bilen tanyşlygy öz içine alýar.
Syýahatçylara meşhur Batu gowaklaryna barmak bilen, Malaýziýanyň paýtagty boýunça tanyşlyk ekskursiýasy garaşýar. Şeýle hem, syýahatçylar ajaýyp Langkawi adasynda dynç alarlar. Ol ýerde asma ýoluna, miwe fermasyna we şarlawuklara gezelençler guralar.
Syýahatyň bahasyna aşakdakylar girýär:
Ugur boýunça ähli ulag geçirişleri;
Ertirlik naharlar bilen ýaşaýyş;
Maksatnama boýunça gezelençler.
Syýahat rahat we gyzykly dynç alyşy, ýadygärliklere barmagy we kenar dynç alşyny göz öňünde tutýar. Ýerleri häzirden eýýäm öňünden sargyt edip bolýar.
Agentligiň edaralarynyň Aşgabatdaky salgylary:
“Ak Altyn” işewürlik merkezi, 2-nji gat;
“Berkarar” söwda merkezi, 1-nji gat;
“Aşgabat” SDAM.
Lebap welaýatynda:
Türkmenabat ş., “Lebap Söwda merkezi”.
Telefon belgileri: (+99363) 17-55-57;
TikTok: @le._travel.tm;
Instagram: @le.travel.tm.
ORIENT