YouTube Music: indi aýdymlaryň diňlenilmegini dürli enjamlarda dowam etdirip bolýar
24.07.2025 | 15:10 |YouTube Music programmasynyň täze görnüşinde aýdym-sazlaryň diňlenilmegini dürli enjamlarda dowam etdirip bolýan täze funksiýa döredildi. Indi ulanyjylar aňsatlyk bilen smartfonyň, planşetiň ýa-da kompýuteriň arasyndan geçip, aýdymy galan pursatyndan başlap diňlemegi dowam edip bilýärler.
Aýdym-saz sanawyny galan ýeriňden dowam etdirmek üçin “Dikeltmek” düwmesine basmak ýeterlikdir. Mundan başga-da, saýlanan aýdymlary, ýygyndylary we aýdym-saz sanawlaryny berkitmek üçin “Çalt ýygmak” bölüminde täze ösüş görkezijileri goşuldy. Bu görkezijiler aýdym-sazyň beýleki enjamlarda diňlenilýän derejesini aýdyň görkezýär. Bu bolsa gajetleriň arasynda geçmek prosesini has intuitiw ýagdaýa getirýär.
ORIENT