TDHÇMB-da söwdalaşyklar: düz boýalan we žakkard sütükli önümler, boýalan we çig matalar hem-de nah ýüplügi ýerlenildi
25.07.2025 | 15:20 |Penşenbe güni, 24-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.
Ermenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen düz boýalan we žakkard sütükli önümlerini, boýalan agyr flanel matasyny hem-de çig kreton matasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkmen işewürleri Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügini satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 3 861 000,00 manada we 322 472,68 ABŞ dollaryna barabar bolan 2 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyhrlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news