Türkmen mugallymlary ABŞ-nyň maksatnamasy boýunça Almaty şäherinde dil başarnyklaryny kämilleşdirýärler
23.07.2025 | 15:20 |7-nji iýuldan 4-nji awgusta çenli Almaty şäherinde Merkezi Aziýanyň iňlis dili mugallymlary üçin ABŞ-nyň başlangyjy esasyndaky “C5+ONE (Opening Networks through English)” sebitleýin maksatnamasy geçirilýär.
Bu maksatnama dil başarnyklaryny ösdürmek we hünär taýdan hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan gelen kärdeşleri bilen bilelikde Türkmenistanyň 27 mugallymy hem gatnaşýar.
C5+ONE maksatnamasy Merkezi Aziýanyň bilim edaralarynda, döwlet guramalarynda, raýat jemgyýetinde we hususy pudakda işleýän hünärmenler üçin döredilen. Onuň esasy maksady — iňlis dilini ösdürmek arkaly gatnaşyjylaryň iş mümkinçiliklerini artdyrmak, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we dünýä bileleşigi bilen has çuň gatnaşyga ýardam bermekdir.
Maksatnamanyň esasy maksatlary:
• Iňlis dili boýunça bilim derejesini ýokarlandyrmak.
• Hünär ugruna laýyklykda ýöriteleşdirilen intensiw amaly okuw.
• Hünär gatnaşyklaryny ösdürmek we halkara hyzmatdaşlyga ýardam etmek.
• Gatnaşyjylaryň şahsy we hünär taýdan ösüşine ýardam bermek.
Maksatnama üç tapgyrdan ybarat:
• Onlaýn sapaklar: 2025-nji ýylyň13 maýy – 9 iýuny (20 sagat).
• Almatydaky intensiw okuw-seminary: 2025-nji ýylyň 8 iýuly – 3 awgusty (146 sagat). Häzirki wagtda mugallymlar bu ýerde okap çykyş edýärler.
• Hünär taýdan ösüş we gatnaşyk ulgamyny giňeltmek boýunça çäreler: 2025-nji ýylyň sentýabry – 2026-njy ýylyň maýy (80 sagat).
Häzirki wagtda Almatydaky gatnaşyjylar bilimlerini we başarnyklaryny işjeň ösdürýärler. Maksatnama häzirki zaman okuw usullaryny, amaly we ussatlyk sapaklary öz içine alýar. Mugallymlar iňlis dilini okatmakdaky tejribelerini paýlaşýarlar, öňdebaryjy tejribeleri we täze tehnologiýalary ulanmagy öwrenýärler. Saparyň ahyrynda türkmen mugallymlary iňlis dili boýunça başarnyklaryny ýokarlandyryp, täze hyzmatdaşlyklary ýola goýup, bu tejribäni Türkmenistanyň milli okatmak usulyýetine ornaşdyrmak mümkinçiligine eýe bolarlar.
ORIENT