Iň täze habarlar

Base Cloud Network mugt okuwlary: kompýuter torlarynyň esaslaryny öwreniň

22.07.2025 | 14:15 |
 Base Cloud Network mugt okuwlary: kompýuter torlarynyň esaslaryny öwreniň

Kompýuter torlarynyň işleýiş ýörelgelerine düşünmek isleýänler üçin täze Base Cloud Network atly mugt onlaýn okuwlary işe girizildi. Programmanyň mazmuny tor aragatnaşyklarynyň esaslaryndan başlap, häzirki zaman tor tehnologiýalaryna çenli möhüm ugurlary öz içine alýar.

Okuwlar size aşakdakylary hödürleýär:

• Wagty çäklendirilmedik 11 sany gysga wideo sapaklary;

• Tor ulgamlarynda enjamlaryň aragatnaşygynyň esaslaryny we IP-salgylanma usullaryny öwrenmek;

• Maglumat geçiriliş protokollarynyň we marşrutizasiýanyň esasy düşünjeleri bilen tanyşlyk.

• Global torlar we SD-WAN tehnologiýasy baradaky goşmaça modul.

• Sorag-jogap we pikir alyşmak üçin Telegram arkaly bileleşik bilen gatnaşyklary döretmek mümkinçiligi.

Okuwa hasaba alyş şu baglanyşyk boýunça elýeterlidir.

ORIENT

Foto: itweek.ru

Şeýle hem okaň: