Astrahan oblastynda bilim alýan türkmenistanly talyplaryň sany üç müňe ýetdi
11.07.2025 | 15:55 |Astrahan oblastyndaky bilim edaralarynda okaýan daşary ýurtly talyplaryň arasynda iň köp bölegini Türkmenistanyň raýatlary düzýär. Bu barada Astrahan oblastynyň daşary gatnaşyklary ministri Wladimir Golowkow bilen Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanowyň iş duşuşygynyň dowamynda belläp geçildi.
2024/2025-nji okuw ýylynyň netijelerine görä, sebitde türkmenistanly talyplaryň sany 60% ýokarlanyp, takmynan 3 müň adama ýetdi. Olaryň köpüsi "Kosa" ýaşlar merkeziniň binýadynda hereket edýän Astrahan oblastynyň Halkara dostluk klubynyň işjeň agzalary bolup durýar.
Klubyň çäginde geçirilen bilelikdäki taslamalaryň hatarynda: «Men Russiýany tanaýaryn» halkara wiktorinasy, «Bütin dünýä bolup aýdym aýdýarys» aýdym-saz çäresi, «Biziň Puşkinimiz» döredijilik duşuşygy, we Russiýa güni mynasybetli guralan milli medeniýetler sergisi bar.
Umuman, Astrahan oblastynda dünýäniň 73 ýurdundan 7 müňden gowrak daşary ýurtly talyp bilim alýar. Türkmenistandan soň talyp sany boýunça Gazagystan (takmynan 1 müň adam) we Marokko (800-den gowrak adam) ýerleşýär.
ORIENT