Iň täze habarlar

Microsoft Teams: köp garaşylan maslahatlaşma ugurlary we täze mümkinçilikler

09.07.2025 | 16:30 |
 Microsoft Teams: köp garaşylan maslahatlaşma ugurlary we täze mümkinçilikler

Microsoft Teams iň köp garaşylan täzelenişleriniñ birini aldy – bu maslahatlaşma ugurlary ýa-da threads. Ulanyjylar tarapyndan birnäçe ýylyň dowamynda sabyrsyzlyk bilen garaşylan bu funksiýa häzirki wagtda açyk synag (public preview) görnüşinde elýeterli boldy. Ol ýaýlymlardaky aragatnaşygy has tertipli ýagdaýda saklamaga mümkinçilik berýär: esasy söhbetdeşlik çatyny täzeden işletmezden, anyk hat-habara bolan jogaplary yzarlamaga mümkinçilik berýär.

Tredler Teams ýaýlymlaryna integrirlenen hem bolsa, olaryñ işleýşi Slack-dan tapawutlanýar. Microsoft Teams-iň ýokary derejeli önüm dolandyryjysy Noga Ronen bu aýratynlygyň ulanyjylara möhüm temalary yzarlamaga we zerur halatynda möhüm habarlary esasy söhbetdeşlige gaýtaryp getirmäge mümkinçilik berýändigini belleýär. Bu hem artykmaç maglumat seslerini azaltmaga ýardam eder. Ýöne Slack-da tredleri döretmek has ýönekeý bolsa, Teams-iñ ýaýlym adminstratorlary el bilen adaty ýazgylaryň we sazlanýan tredleriñ arasynda saýlamaly bolýarlar.

Ulanyjylar üçin amatlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen, Microsoft tredleri yzarlamak üçin aýratyn belligi (tab) hem goşdy. Bu ýerde gerekli maslahatlaşmalary tiz tapmak ýa-da işjeň ugurlaryň bildirişlerini öçürmek bolýar. Öňünden kesgitlenen sazlamalara görä diňe ulanyjynyň gatnaşan, ady agzalan ýa-da täzelenmelere ýazylan tredleri görkezilýär.

Tredlerden başga-da, Teams-da birnäçe täze mümkinçilikler peýda boldy: indi bir hat-habara birnäçe emoji bilen jogap bermek bolýar, şeýle hem /gif buýrugy arkaly GIF-suratlaryny gözlemek has amatly boldy.

ORIENT

Foto: Microsoft

Şeýle hem okaň: