Iň täze habarlar

Osakadaky EXPO-2025 sergisindäki Türkmenistanyň pawilýonyna bir milliondan gowrak adam baryp gördi

28.07.2025 | 14:30 |
 Osakadaky EXPO-2025 sergisindäki Türkmenistanyň pawilýonyna bir milliondan gowrak adam baryp gördi

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän EXPO‑2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony bir milliondan gowrak myhmany kabul etdi. Bu barada serginiň guramaçylary habar berdi.

Millionynjy myhman sergi döwrüniň ortalarynda bellige alyndy. Pawilýonyň wekilleri myhmanlaryň sanynyň artmagyny dowam edýändigini belläp geçýärler. Bu bolsa, Türkmenistanyň medeniýetine, gazananlaryna we häzirki zaman ösüşine bildirilýän uly gyzyklanmanyň bardygyny görkezýär.

1

Pawilýonyň binagärlik konsepsiýasy milli nyşanlary döwrebap çözgütler bilen utgaşdyrýar. Gurluşykda ekologiýa taýdan arassa materiallar ulanyldy, bu bolsa ýurduň durnukly ösüşe bolan ygrarlylygyny açyp görkezýär.

Serginiň ekspozisiýasy innowasion tehnologiýalara, ykdysady mümkinçiliklere we taryhy-medeni mirasa bagyşlanan bölümleri öz içine alýar. Myhmanlar türkmen halylarynyň kolleksiýasy, halk senetçiligi we milli aşhananyň tagamlary bilen tanyşyp bilerler.

EXPO‑2025 Bütindünýä sergisi 13-nji aprel — 13-nji oktýabr aralygynda Osakanyň aýlagyndaky Ýumeşima emeli adasynda geçiriler.

ORIENT

Foto: expoturkmenistan

Şeýle hem okaň: