Türkmenistan Türkiýä gazy üpjün edýän iň iri bäş döwletiň hataryna girdi
29.07.2025 | 10:40 |2025-nji ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça Türkmenistan Türkiýä tebigy gazy eksport edýän ýurtlaryň arasynda bäşinji orny eýeledi. Türkiýäniň Energiýa bazaryny kadalaşdyryş geňeşiniň (EPDK) maglumatlaryna görä, türkmen gazynyň eksport möçberi 120,03 million kub metre barabar boldy, bu bolsa umumy üpjünçiligiň 3,39%-ini düzdi. Bu barada Report ýazýar.
Umumylykda maý aýynda Türkiýe 3,54 milliard kub metr gazy import etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22,79% köpdür. Bu mukdaryň esasy bölegi — 89,32%-i — Azerbaýjan, Russiýa, Eýran we Türkmenistan tarapyndan turbageçirijiler arkaly üpjün edilen gazdan ybarat boldy.
Türkmenistan bilen birlikde, Türkiýä gazy eksport edýän ýurtlaryň hatarynda Azerbaýjan (29,87%), Russiýa (33,7%), Eýran (22,37%), Alžir (7,96%) we ABŞ (2,71%) bar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan bu sanawda täze goşulan ýeke-täk döwlet bolup, turbageçiriji arkaly gaz üpjünçiliginde durnukly ösüşi görkezdi.
Türkiýe energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagy dowam etdirýär, Türkmenistanyň bu işe gatnaşmagy bolsa sebitleýin energiýa bazarynda onuň ornunyň artýandygyny görkezýär.
ORIENT