Arkadag şäherinde Gökdepe, Keýmir kör şaýollarynyň täzelenen bölekleri we köpri açylyp ulanylmaga beriler
29.07.2025 | 11:22 |Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, raýatlara we ýolagçylara has amatly şertleri döretmek maksady bilen, ýollaryň durky täzelenip döwrebaplaşdyrylýar.
Durky täzelenen Gökdepe şaýolunyň hem-de Arkadag şäheriniň Keýmir kör şaýolunyň degişli bölekleriniň we olaryň birigýän ýerinde gurlan täze köpzolakly köpriniň 2025-nji ýylyň 30-njy iýulynda açylyp ulanmaga beriler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Şeýle hem 1-nji awgustdan «Ahalteke atlary» şaýolunyň «Atly ýigit» we «Polatly» binalarynyň aralygyndaky ýolda gurluşyk-gurnama işleri geçirilýändigi sebäpli, bu ýolda gatnawlar çäklendiriler.
Raýatlaryň bähbidine gönükdirilen bejeriş-abatlaýyş işleriniň geçirilmegi we ýollaryň durkunyň düýpli abadanlaşdyrylmagy ýolagçylar üçin ählitaraplaýyn amatlyklary üpjün eder.
ORIENT