Astanada 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan nyşany görkezildi
29.07.2025 | 12:00 |Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen, Astana şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň BMG tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan iki günlük çäresi geçirildi. Şäheriň merkezi kenar ýakasyndaky ekranda 2025-nji ýylyň resmi nyşanynyň reňkli şekili görkezildi.
Guramaçylarynyň bellemegine görä, bu çäre Türkmenistanyň halkara arenasyndaky parahatçylykly başlangyçlaryna berilýän goldawy alamatlandyryp, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky däbe öwrülen gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň subutnamasy boldy.
2025-nji ýylda Türkmenistan özüniň bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyny bellär. Bu babatda Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ynsanperwer hem-de parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny ösdürmekde möhüm tapgyr hökmünde görýär.
Astanada geçirilen çäre iki döwletiň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmekde nobatdaky ädim boldy hem-de hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ýaly umumy gymmatlyklara goýulýan hormatyň beýany hökmünde çykyş etdi.
ORIENT